Tomus pasly ulular we çagalar üçin örân gyzykly we uzak garaşylýan döwürdir. Bu döwürde okuwçylaryñ tomusky dynç alyş rugsady ýetip gelse, ulularyñ sabyrsyzlyk bilen garaşan zâhmet rugsatlary başlanýar. 3-4 hepde gowy dynç alan adam işe tâze güýç, tâze höwes bilen girişýâr. Ýöne dynç alýan wagtymyzda-da saglygymyz barada alada etmegi unutmaly dâldiris. Esasan hem, deñziñ kenaryna dynç almaga gideniñizde howpsuzluk düzgünlerini ýerine ýetirmek hökmanydyr. Deñze dynç almaga gitjek ildeşlerimize aşakdaky maslahatlary ýetirmegi makul bildik. ■ Deñiz ýakasynda çagalaryñyz bilen dynç almakçy bolsañyz, ilki çaga lukmanyndan maslahat alyñ. Üç ýaşyna ýetmedik çagany deñze alyp gitmek maslahat berilmeýâr. ■ Kenarýaka ýerlerinde suw, howa, hat-da iýmitem ýoda baýdyr. Ýoduñ bedene aşa köp mukdarda düşmegi galkan şekilli mâziñ kesellerinden ejir çekýân adamlaryñ saglygyna tâsir edip biler. ■ Ulular hem çagalar sagat 11:00-17:00 aralykda deñize suwa düşmekden, kenarda ýatmakdan, günüñ aşagynda bolmakdan gaça durmalydyrlar. Sebâbi şu sagatlar aralygynda günüñ güýçli ultramelewşe şöhlelenmesiniñ bolýandygy kesgitlenendir. Kenarda kölegeli ýer bolmasa, hökman kenarýaka ýerlerde gurnalýan saýawanlaryñ aşagynda gün şöhlelerinden goranmak maslahat berilýâr. ■ Suwa düşmâge ýa-da gezelenje çykanyñyzda günüñ şöhlelerinden goraýan ýörite serişdelerden peýdalanyñ. ■ Çagañyza hemişe gözegçilik ediñ, onuñ ýeke özüniñ deñze girmegine ýol bermâñ. *NEXTTM*

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir