Şu günler tomsuň gyzgyn mähirli, howurly günleri dowam edýär. «Şu gün gaty yssy», «Düýn juda yssy boldy» diýen sözler bize käte başga biläýmeli esasy zatlarymyzy unutdyrana meňzeýär. Emma türkmen topragynda ýekeje bihal çöpüň bolmaýşy ýaly, bihasap birje zat ýok ahyry. Şeýle howurly günlerde ene topragymyzyň şirin-şeker behişdi nygmatlary has-da zybana gelýär. Şeýle tagamlar dadylyp, köňül küýsegine öwrülenden soňra şeýle ahwala has-da ýakyndan göz ýetirýärsiň. Bal ýaly üzümler, şirin-nabat gawunlar, gujak-gujak içi köz ýaly garpyzlar... tebigatyň gyzgynlygynyň öwezine berilýän şirin-şeker nygmatlar ýaly bolup görünýär. Şeýle naz-nygmatlary ýetişdiren ata-babalarymyz olary nähili ýygnamalydygyny, bişenini nähili saýlamalydygyny hem apaňsatja kesgitläpdirler. Elleri bilen ýetişdiren behişdi nygmatynyň gözüniň alnynda bişip ýetişeni üçin ol ahwala daýhan hemmeden öň göz ýetirýär. Eline alyp-almanka, daşyndan synlabam, onuň bişenini-bişmänini anyklap bilýär. Hakyky daýhanyň dünýäsinde şeýle ajaýyp ahwallar kän. O1 diňe halal zähmetiň daýhana eçilýän ylahy ahwallarynyň biri bolup görünýär. Şeýle pursatlarda daýhan öz guwanjyny daşyna çykaranyny duýman galýar. Köp zähmet çekilip, synalyp görlensoň, döreýän ahwallar wagtyň geçmegi bilen dahana dolup, nesillere miras galan atalar sözünde, nakyllarda öz mynasyp ornuny tapypdyr. Şeýle paýhasyň biri «Gawunyň agyry, garpyzyň ýeňili» diýlen jowahyr jümlede aňladylypdyr. Zähmetsöýerligi ýaly, synçy, janypkeş ata-babalarymyz ýetişdiren naz-nygmatynyň diňe daşky görnüşinden däl, agram-saldamyndan çen tutup, şeýle baha beripdirler. Ine, şu günler köpimiz bazara barýarys. Şonda garpyz almakçy bolanymyzda köplenç, «Kesip beräýiň!» ýa-da «Keseýinmi?» diýip, ýüzlenilýän sözleri kän eşidýäris. Gynandyrýan ýeri, köpimiz obada önüp-össegem, şeýle sözleri dilimize getirenimizi duýman galýarys. Emma ata-babalarymyz göräýmäge şeýle müşgil meseläni hem gysga jümlede açyk-aýdyň beýan etmegi başarypdyrlar. Bize bolsa ony käte-käte ýatlaýmak galýar. «Ýarylmadyk garpyz» diýlen halk arasyndaky ýene bir ýörgünli düşünje hem daýhanyň öz kesbine ezberliginden, beletliginden dörän düşünje bolsa gerek. Ony daýhançylyk kesp-käri bilen bagly düşünjäniň durmuş düşünjesine geçişindenem bilmek bolýar. Belli bolşy ýaly, bu düşünje adam tanamak bilen bagly aýdylýar. Daýhan dünýäsi edil onuň ýetişdirýän owadan, süýjümaňyz naz-nygmatlary ýaly, täsirli jümlelere, çeper sözlere-de diýseň baý. Halkymyzyň gaýtadan galkynýan şeýle jümleleriň her biri edil türkmen topragynda bal bolup bişen ir-iýmişler ýaly, göwnüňe ylham çaýýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir