Iň gadymy hem-de keramatly daragtlara degişli bolan injiriň Türkmenistanda 2 görnüşi: adaty hem owgan injirleri duş gelýär. Alma, hurma ýaly jenneti miweleriň biri bolan injir hakynda dürli rowaýatlar ýaýran. Olaryň birinde şeýle gürrüň berilýär: “Adam ata şeýtanyň alyna gidip, jennetdäki datmasyz zatdan iýýär-de, behiştden kowulýar. Jennetden çykarylmazdan öňürti onuň hüllüsini sypyrýarlar, başynyň täjini aýyrýarlar, ýagny ýalaňaçlaýarlar. Adam ata utanjyndan uýat ýerlerini ýapmak üçin agaçlardan hemaýat gözleýär. Emma, hiç bir daragt oňa “şelpesinden” bermeyär. Injir welin, dözmän, ýapragyndan 4-5-sini eçilýär. Adam ata şol peşgeşi ýapynyp, jennetden garasyny saýlaýar. Muňa Allatagallanyň gahary gelýär. Ol: “Sen näme üçin menden bidin Adam ata hemaýat etdiň? Meniň gazabymdan gorkmadyňmy?” diýip, onuň üstüne azgyrylýar. Injir gypynçsyz gepleýär: “Men seniň gazaplydygyňam, rahmandygyňam (günä geçijidigiňem) bilýärin”. Allatagala şeýle jogapdan soň ýumşapdyr. “Men seniň günäňi geçýärin. Özüňem, eý görendigim üçin, beýleki daragtlardan tapawutlandyryp, güllemän miwelär ýaly ederin. Seniň iýmişiň — adamzada DERMAN. Sen öleninde-de onuň ahyrýet hemrasy bolarsyň ” diýipdir. Injir ata-babalarymyzyň durmuşynda uly orun eýeläpdir. Däbe görä, merhum jaýlananda mazaryň iki tarapyndan injir agajynyň sütüni dikilýär. Bu daragt gurasa-da, oda ýakmak günä hasaplanylýar. Adaty injir (Ficus carica) – tutlar maşgalasynyň injirler urugynyň boýy 3-5 metre ýetýän agaç wekili. Miwesi sary ýa-da benewşe-garamtyl reňkli. Daragt deňiz derejesinden 600-1900 metr belentlikde bitýär. Ol aprelde gülleýär, miwesi iýul-sentýabrda ýetişýär. Agaç 100-200 ýyl töweregi ýaşaýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir