Soňky wagtlarda dakynylýan enjamlaryň ýaýramagy dowam edýär. Tehnologiýanyň eşretleri bize dürli ýeňillikler hödürleýär. Massaşusets tehnologiýa institutynyň hünärmenleri "Finger Reader" atly "akylly" ýüzük hatyň üstüne tutulanda, ony sesli okap bilýär. Üç ölçegli printer usulynda öndürilen enjamyň batyl adamlaryň kömekçisi boljakdygy aýdylýar. Haty okan wagty ýüzük hatyň setirinden çyksa, titremek arkaly ulanyja habar berýär. "Finger Reader" kitap we žurnallarda başga-da kompýuter ekranyndaky ýazgylary hem okap bilýär. Taslamanyň bu ýagdaýa gelmegi üçin üç ýyl zähmet çekilipdir. Onuň ahyrky nusgasynyň taýýar bolmagy we ulanyjylara hödürlenmegi üçin az garaşylmalydygy aýdylýar. http://i.imgur.com/dASGved.gif

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir