Kabaddi – Aziýada meşhur toparlaýyn we gadymy oýundyr, ol özünde iň azyndan dört müň ýyl geçen, goreşiň görnüşlerini saklaýar. Kabaddiniň asly Hindistandan gaýdýar, emma halkara derejesinde bu oýun Dakkda 1985-nji ýylda geçirildi. 1990-njy ýylda kabaddi Pekinde geçirilen Aziýa oýunlarynyň sanawyna goşuldy, şondan bäri hem ol Aziýa oýunlarynyň adaty sport sapagyna öwrüldi. Kabaddi boýunça ilkinji ýaryş zenanlaryň arasynda 2010-njy ýylda Guançjouda halkara ýaryşlarda geçirildi. Oýunyň şerti boýunça, 12 oýunçydan iki topar (meýdançada 7 oýunçy we 5 oýunçy ätiýaçda), 12,5m x 10m ölçegli, ýaryndan belgilenen meýdançanyň garşylykly taraplaryny eýeleýärler. Oýun bir toparyň beýleki topara özüniň “awçysyny” bölünen bellige ugratmagyndan başlanýar, ol bolsa amatly pursatda garşydaşyň (meýdançanyň beýleki ýarymyna) tarapyna geçýär. Ol beýleki bölekde mahaly yzy üzülmesiz “Kabaddi! Kabaddi!” diýip gygyrýar. Emma garşydaşyň meýdançasynda ol tä demi togtap, gygyrmaga güýji ýetýänçä bolmagy mümkin. Onuň maksady – heniz ol gygyryp durka – emel tapyp ýa eli ýa-da aýagy bilen garşydaş toparyň oýunçysyny ellemeli (köplügiň birini) we beýlekiler ony tutmanka meýdançany taşlamaly (öz meýdançasyna geçmeli). Eger demi gutarsa, ol yzyna garaman meýdançadan gaçmaly, sebäbi garşydaş toparyň ony tutmaga haky bar. Tutulaýan halatynda ol diňe belgilenen çäkden elini ýa aýagyny öz toparyna tarap uzadyp bilse boldygy. Garşydaşlaryň topary bolsa, oňa ikiden birini: ya elini ýere degirip, ýa-da demini aldyryp bilýär. Oýunçy öz toparyna ahyry gaýdyp geleninden soň, ele düşen garşydaş toparyň oýunçysy oýundan çykarylýar. Eger çozan oýunçy ele düşäýse, ondan garşydaş topara çozmaga gezek berilýär. Oýun tä haýsy hem bolsa bir toparyň oýunçylary gutarýança dowam edýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir