Hakyky ynsan hemişe adamkärçilikli bolýar. Sada pes hoşgylaw adamlar durmuşda kän gabat gelýär. Olary öň köpüsi ynsaply, töwekgel hem sabyrly bolýar. Olar barada biz kän gürrüňler eşidýäris,edebiýatlarda okaýarys,sahnada,ekranda görýäris. Bir ýigit özüni oda urup,ýanyp duran jaýdan çagany alyp çykýar. Ýaş esger çagany halas etjek bolup,wepat bolýar.Gark bolany halas edip,ençeme wagtlap keselhanada ýatanlar,özüni bejerdýänler hem bar. Söweşde dostyny halas edip, özi maýyp bolup galýarlar, iň soňky damja dermanlyk doganyna,dostuna berip,özi ýüreginden tutup, bu ýagty jahan bilen hoşlaşýanlaram tapylýar. Adam gylygy dürli-dürli. Ýene ynsanlyk borç hemmede bolmaly. Biri ona yüzleýrak garasa , başga biri dostyny janyndan eziz görüp. Başdan il-gün onundaki borja garaýşy bilen jemgiyýetde özüne mynasyp orun alýanlaram bar, “mana hemmeden artyk gerekmika?” diyip, ikirjeňlenlerem bar.şu gün biz şolar barada oylanyp her bir şahsyýetin özüni alyp barşyny synlap ona ynsan hereketine ýüzleý garap onun huy-hasiyýetine doly öwrenmän ol barada belli-külli netije çykarjak bolyarys. Men şu yazgymda, yaşlara komek bolsun, adam gadyryny bilip tutsunlar diyip, eşiden-gören kabir pursatlarym barada söhbet edeýin diýdim. Menem ilden kän bilyän zadym yok, yone durmuş tejribamde kän wakalar eşitdim. Adamkarçilikli belent bolan adamlar bilen sataşdym. Goý olaryn hoş gylyklary yaşlara yol gorkezsin diýen niýet bilen şulary gürrün berjek. Çölde gezyän adamlar yagşy ynsanperwer bolyamyşlar. Birek-biregin derdine yarap birek-birege yagşylyk etjek bolyarlar. Olar dine bir işjenli dal, eysem çydamly bolyarlar. Gunun jowzasy bir yandan, suw yetmezçiligi ikinji yandan olary gaty helakleyan pursatlaram bolyar. Onda-da olar adamkarçiligi yitirenoklar agyr gune duşene hemayat edyarler. Muny mana garryja enemiz gurrun berdi. Ir wagtlar guma yazlyga chykylyar ekeni. Atam yany iki-uch yashlaryndaka garry enem chagasy bilen azaşypdyr. Tup yssyda dallirap yol gozlap ankasy ashypdyr. Yanlarynda bolsa bir owurdam suwlary yokmush. Uzak yere gitmeli azaşmaly bolaryn aydyp oyunda-da gelmandir. Asla beyle zatlar bolar oyden dallirda, bolmasa kim jowzada suwsuz chykyar? Başda suwsamasalaram dura-bara teşnelik bildirip başlapdyr. Enem azaşanyny bilsede alajy yok, name iş etsin. Dine yazlag yere yetmegin alajyny bilmeli. Halys endamyndan düşmankän bir suwly adama sataşjak bolmaly. Gün içinde gezip ýorelen gaşy seýrek duşyar. çopan-çoluk bolaýmasa, awa şikara çykan sataşaýmasa bu akyp yaşan çage syrgymynda kim gezsin. Çaga o zatlara düşünýämi näme?! zal suw sorayar diyýär. Ene pahyr näderin bilmän ,urgun çagan içinde çagasyny bagryna basyp iki ýana ugraýarmyş. Ahyry halys bolup bir sazagyn kölegesine özüni atypdyr. Çaga bolsa bir salym suw soraýarmyş. Asla sesini goýanok indi özüniňem aňkamy agyp barýarmyş Tahyr ajalyň öz yakasyndan tutanyny çagasyny alyp gitjegini duýupdyr, emma alajy näme, diňe hudaýa yalbarmak galýa. Ene pahyr çagany iki ýana sowuşdirip salkynjak ýerde çagasyny yatyrjak bolyarmyş. Suwsuz çaga nädip ýatsyn, şol eňräp oturuşy üstesine indi dodajygyny ýalap, irkiljek ýaly edýärmiş. Ene bolsa onuň başyny alyp oturşyna diňe paýradyp gözýaş dökýärdi. Gün bolsa barha gyzýar diýýär. Niredendir bir ýerden iki sany adam zompa çykypdyr. Agy seslerini eşidip sowulan bolmaklaram mümkin. Soň görüp otursalar, çölde gözleg işleri bilen meşgullanyp ýören inžinerler bolup çykýar. Adamyňky çüwjek bolsa, birden çüwäýýä. Bolmasa bu golaýda adam gara barlygy barada gep-gürrüňem ýok ekeni. Erkek adamlar bilseler bilýändirlerde, aýal-adamlara inžinerler hakda eşitmändirlerem. Geplemäne rowaty bolmadyk ene pahyr, birhili aňkasy aşan ýaly bolup otyrmyş. Ysgynsyzja barmagyny zordan diýen ýaly uzadyp, bir çagany görkezýämiş, birde olaň biriniň gujagyndaky mytarany. Adamlar agyr günde biri-birlerine dilsizem düşünýärmişler. Inžiner bilindäki mitarany eneme uzadypdyr. Enem garwap alsa olam başaberen eken. Çaýkasa, çalaja suwuň pyşşyldysy barmyş. Gapagyny açsa, mytaraň içindäki suw birki owurt ýa boljak ýa bolmajak. Enem ol inžinerleriň özleriniňem dodaklarynyň jaýyrlyp başlanyna gözi düşüp, mytarany yzyna uzatsa, olar suwy alman, başlaryny ýaýkaşyp durmuşlar. Ahyry enem, suwly mytarany ýuwaşlyk bilen çagasynyň agzyna tutýňr. Çaga iki eli bilen oňa ýapyşyp, goýberenok diýýär. Enem arasyny üzüp-üzüp, damjykladyp ony suwa ýakýar. Çaga özüni dürsäp başlaýar. Ol barmanada maşyn sesi eşidilýär. Inžinerler gol bulap başlaýarlar. Ana, şol bir ogurt suw çagany ölümden alyp çykýar. Bu ýerde biz suwuň gymmaty barada ynsana, haýwana, janly tebigata onuň zerurdygy barada aýtsak aýdyp oturmaly. Ýöne biz adamkärçilik, ynsanperwerlik, dostluk-doganlyk hakda söz açanymyzdan soň şujagaz gürrüňüň üsti bilen başarsaň ekimli iş etmedigini, bu dünýä geleniňden soň boş gitmeli däldigini, yz galdyrmalydygyny, ýagşy işleriň tohumyny köpüräk sepmelidigi barada nygtamakçy bolýarys. Diňe bir suwa gark bolany ýa-da ýangyna uçrany halas edip, suwsuza suw berip ajy duýuryp däl, başga ýollar bilenem bu dünýäde uz galdyryp bolýar. Watanyňa il-günüňe ýagşy hyzmat etmek, hakykaty çorap adalatyň tarapynda bolup, uly işler edip bolýar. Ýaş höwesjeň awtorlara kömek bermek, olardan maslahatyňy gysganmazlyk, ýaş çatynjalary goldamak, gartaşan adamlary sylap durmak, goldap durmak, näsag bendeleriň halyndan habar almak, azaşany ýola salmak, ýol salgy bermek, ýowara gatnaşmak... garaz sogap gazanmagyň ýoly kän. Onuň asly bolsa seniň adamkärçiligiňe bagly. Ýaşlarymyza şu gürrüňlerimiziň täsiri ýeter diýen maksat bilen pikirimi orta goýdum. Gerek bolsa ýene-de aýdarys. H. Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan Medeniýet işgäri.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir