Ilki bilen sabyr daragtynyň köklerini ýygnap, oňa kanagatlylyk hem-de şüküranalayk zerrelerini goşup, giňgöwrümlik jamynda mazaly ýençmeli. Soňra kemsiz ýenjimi ýeten melhemi aýdyňlyk eleginde eläp, nepislik tirine salyp göriplik hem-de bahyllyk ýaly ýaramaz duýgulary ýeliň ugruna sowurmaly. Arassalanan melhemi maşgala gazanyna ataryp, üstünden mähir suwuny guýup, söýgi odunda we bagtyň yşkynda birkemsiz bişirmeli. Taýýar bolan melhemi bagtyýarlyk käsesine guýup, aram gyzgynlykda içmek maslahat berilýär. Beýle usuldan tagamlanan melhem ýaşyna garamazdan uly - kiçi hemmeler üçin niýetlenendir. Sebäbi, bagt haçan-da bitewilik häsiýetine eýe bolanda bagtdyr. Dadyp görüň, noş bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir