Ilki bilen haýa daragtynyň köklerini ýygnap, oňa asyllylyk hem-de sadalyk zerrelerini goşup, owadanlyk jamynda akyl dessesi bilen mazaly ýençmeli. Ondan soň ony näziklik eleginde eläp, edep gazanyna salyp, üstünden päklik suwuny guýup, söýgüniň oduny güýçlendirmeli. Şeýdip, aý ýylgyryşly bagtyň yşkynda birkemsiz bişirmeli. Taýýar bolan melhemi gözellik käsesine guýup, mylaýym şemalda sowutmaly. Beýle usulda taýarlanan melhemi dadyp görmegi, diňe gelin - gyzlara maslahat berýärin. Mähriban gelin - gyzlar! Dadyp görüň, ökünmersiňiz! Şu melhemiň tagamyny kalbyňyza siňdirmegi başarsaňyz, siziň gözleriňiziň nury, ýüzüňiziň mähri artyp, öňküňizden-de has gözel we juwan görünersiňiz.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir