Bu melhemi taýarlamagyň usuly-da, edil öňküler ýaly bolsa-da, onuň düzümine girýän zatlar, düýpden başga - başgadyr. Ilki pespällik hem-de kiçigöwünlik daragtynyň köklerini ýygnap, oňa aklyk we päklik zerrelerini goşup, bitewilik jamynda bir-de wepalylyk, bir-de ýagşylyk nury bilen mazaly garyşdyrmaly. Yzyndan olary döwlet gazanyna ataryp üstünden agzybirlik suwuny guýmaly. Watan ojagynyň oduny öçürmän, bagtyň yşkynda birkemsiz bişirmeli. Taýýar bolan melhemi şypa pyýalasyna guýup, mertebe çolpusy bilen sapa şemalynda sowutmaly. Eşret derýasyna baryp goşulýan akyl çeşmesinde taýýarlanylýan bu melhemi içmek size işde we durmuşda sowaçlyk getirer. Dadyp görüp, şähdiňiz açylar. Muny datmazlyk umytsyzlykdyr. Dadyp görmek bagtlylykdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir