Ilki bilen bilim daragtynyň köklerini ýygnap, oňa pikir hem-de pähim zerrelerini goşup, zehin jamynda ylym dessesi bilen mazaly ýençmeli. Ondan soň ony paýhas eleginde eläp, parasat gazanyna salyp, üstünden ýagtylyk nuruny guýup, yşkyň odunda birkemsiz bişirmeli. Taýýar bolan melhemi akyl käsesine guýup, öwüt şemalynda sowutmaly. Şeýle usulda taýarlanan melhemi günde üç gezegine içseňiz howp - hatar, bela - beter eger - eger golaýyňyza gelmez. Öňden görüjilik duýgyňyz artar. Gözýetimiňiz giňäp, ruhuňyz baýlaşar. Işiňiz şowlap, mertebäňiz beýgeler.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir