Dünýä çempiontynyň 15-nji gününiň oýunlaram tamam boldy. Şunluk bilen toparçadaky oýunlar tamam boldy. 16 ýygyndy dowam eder we 16 ýygyndy hem öýne tarap ýola düşer. Hasaplar şeýleräk: Germaniýa 1-0 ABŞ Portugaliýa 2-1 Gana Belgiýa 1-0 G. Koreýa Alžir 1-1 Russiýa Şu güne çenli agzalaň jemi gazanan netijesi şeýleräk: 1. Iniýesta 71 oçko 2. Messibet 56 oçko 3. Kitaphanaçy 50 oçko 4.Cavalli 26 oçko 5. Baýramsoltan 16 oçko 6. Akylym1989 10 oçko 7. Şahyr 1 oçko 8. Agent007 1 oçko 9. Bichem 0 oçko Şu gezek Cawalli agzanyň ilki iki oýna goýan hasabyny hasaba alaýdyk. Sebäbi gaty gynandy we gollar geçmänkä goýupdy hasabyny. Beýleki agzalaram närazy bolup durmazmyka diýýän. Cavalli agza çaklamaňyzy ýatdan çykarmajak boluň indiki gezek! Bu turda Iniýesta agza Germaniýa ABŞ we Portugaliýa Gana duşuşyklarynyň diňe hasabyny dogry bildi. Cavalli agza hem edil şol oýunlaryň hasabyny dogry bildi. Iki agzany hem ýeňişi bilen gutlaýan! Indiki turlarda hem çaklamaňyz dogry çyksyn!

Köneler, messibet tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir