Ilatyň saglygy baradaky alada, döwletimiziň hemişelik aladasy bolmagynda galýar. Türkmenistanyň milli türkmen sportyny ösdürmek baradaky öňe sürülen meseleler şeýle-de, neşekeşlige garşy göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak barada gaýragoýulmasyz wezipeler munuň aýdyň delilidir. Eger-de, bu goja taryhy gürledip bolýan bolsady, onda ol dünýäde gönüden-göni tirýek zerarly sana goşulyp bilmän, gara günde gedaýlyk derejesine düşen, durmuş eşretiniň hözürini görmän, bu dünýäden hor-homsy, armanly giden müňläp adamlaryň adyny sanardy. Tirýek gadym eýýamlardan bäri bellidir. Ol ilkinji gezek biziň eramyzdan ozal XVI asyrda Ýewropa ýurtlarynda ýüze çykypdyr. Tirýegiň Aziýa we Afrika ýurtlaryna ýaýramagyna iňlis mülkdarlary sebäp bolupdyr. Bir wagtlar dünýä bazaryna çykmak üçin, iň amatly suw ýollary, portlar Tűrkiýede bolupdyr. Tűrkiýäniň suw ýollaryndan, portlaryndan peýdalanýan iňlis täjirleri ilkibaşda tirýegi port ýükçilerine, hammallara berip, işledip başlapdyr. Aziýa düşensoň munuň netijesine göz ýetiren adamlar oňa tirýek ýagny (parsça tir-peýkam, ýek-bir) çala galtaşdygy alýan awuly ýeke ok diýen manyny beripdir. Hojalygy tozan garyp halk oňa az wagtlyk hem bolsa ”Gamgaýtaran” hökmünde garapdyr. Ony almaga gurbaty ýetmedik ýol urupdyr, ekip haşhaşyň şiresinden-şepbiginden, tirýek gaýnatmany öwrenipdir. Käsi hoşa hökmünde göknary-haşhaşyň gozasyny, çöpüni-samanyny ezip içmäni çykarypdyr. Aňsat gazanylan pul hemişe eýesiniň böwrüne «dürtüp» ony keýpe, bozgaklyga itekleýär. Uzaga çekýän oturşmalaryň, toýlaryň başy arak bilen başlanyp, soňy tirýege ýazýar. Adam tötänden neşekeş bolmaýar. Oňa itergi berýän ýagdaýlar bolýar. Toý eýeleri «Bagşym joşup aýt»-diýip, olaryň içjek çaýyny özbaşyna aýratyn «demläp-emläp» getirýärler. Bu ýagdaý esasan ýaşlara ters görelde bolýar. Indi asyrlar boýy her döwri biynjalyk edip gelýän neşe belasy hakynda kitabyň gürrüňlerinden kelam agyz. “ ...Tä soňky demine çenli, öňünden çykan galalary ýykyp-ýumrup, adamlary öldürip, humardan çykan Baty han yzyna dolanyp gelýär. Ol öz çadyryna sowulman, ilki öz ogly Sartakdan habar tutmagy ýüregine düwýär. Emma, mugallymy bilen tüssä bogulyp oturan Sartak atasynyň gelenini duýmaýar. Baty han özüniň gelenligini äşgär etmek üçin ardynjyraýar. Diňe şonda ogly oňa gözi düşüp, mugallymy bilen tarsa ýerinden turup, atasyna baş egýär. Şonda Baty han ogluna ýüzlenip, şeýle diýýär: -Oglum, maňa gulak goý. Kakam bir wakany maňa köp gezek aýdyp beripdi. Bir wagtlar seniň garry mamaň mongol sähralarynda gezip ýörkä, ony nälet siňen keramitler kowalapdyr. Ol şonda möjek ýaly hilegärligi hem erjelligi bilen ýesir düşmek howpundan gutulypdyr. Şonuň ýaly kyn wagtda ýolda mahaly, ol meniň şan-şöhratly kakam Juçy hany dünýä inderipdir. Onuň ýanynda çagajygy dolap, aldajy aýazdan gorara hiç zady ýok eken. Ol oglunyň daşyna hamyr çyrşap, sag-salamat öýüne getiripdir. Mamam seniň garry ataňy şunuň ýaly aç-hor ýagdaýda ösdürip, ulaldypdyr. Sen bolsaň, ýüpek ýassyklaryň üstünde dogulyp, samyr derisine gundaldyň. Eýsem, sen taplanan, güýçli, döwýürek batyr bolup bilermiň? Men saňa güýçli Hytaý alymyny berkitdim. Ol gadymy beýik basybalyjylaryň ähli söweş hereketleridir, hünärlerinden habarly. Olardan heý, birzatlar öwrenýäňmi? Ol saňa öz islän hem bilmegiň zerur bolan bilimleriň hemmesini öwredýärmi ýa ýokmy? Eger men şu gün atym bilen Itiliň ol kenaryna ötýän wagtymda birden öläýsem, ornumy kim eýelär? Oglum Sartakmy? Men oňa ynanamok. Şol bir wagtyň özünde-de, ruslaryň knýazy Suzdally Ýaroslawa gözüm gidýär. Ol meniň mynjyradan knýazlyklarymy gaýtadan dikeldip, berkitmek üçin jan-dilden hereket edýär. Ýene-de bir gözüm gidýän zat, onuň Isgender atly oglunyň barlygy. Ol eýýäm birnäçe ýeňişler gazandy. Kakasynyň öz ýurduny abadan hem berk etmek ugrundaky işlerini dowam etdirýär». Görşümiz ýaly ýeňiş bilen dolanyp gelen Baty hanyň bu gürrüňleri öz dowamatyna bolan umytsyzlykdan nyşan. Diýmek onuň taryha ýowuz harplar bilen ýazylan düýni, bu güni bar. Emma ertiri, gelejegi ýok. Ony oýlandyrýan, böwrüne diň salmaga mejbur edýän esasy zat hem şol. Ýedi yklyma hökmi ýöräp, pelege azm uran Baty hanyň hut öz ogluny neşeden halas etmäge güýji ýetenok. Hawa, gyzyl burçuň ajylygyny bilmek üçin, tutuş burçy iýmek hökman däl. Ondan sähelçe dişläp görmegiň özi-de ýeterlik. Neşe daşyňdan getirilip, içiňden urulýan bela. Adam neşekeşlige baş goşýar. Ündew edýäň, ýöne ol-da netije berenok. Öýi tozup, maşgalasy bagtym diýip uly umytlar bilen açan gapysyny ýapyp, terk edip gaýdaýar. Onda-da ol aklyna aýlanmaýar. Ogul-gyzy atasyndan geçýär. Deň-duşlarynyň ýanynda ony kakam diýmäge ar edýär. Emma neşekeş ar etmeýär. Iň uly ejiri ene-ata çekýär. Birine gargajak bolsaň: «Ogluň tirýeki bolsun!»- diýäýmeli. Ahyrynda hazan uran ömrüniň agramly bölegi tussaglykda geçýär. Dolanyp gelip ýene-de olaryň käbiri öňki öwrenenje pişesine başlaýar. Şeýdip, neşe humary ony ýene-de jenaýatçylykly işlere itekleýär. Eýsem, neşekeşi nädip bu ýoldan saklamaly? Oňa hiç kim, hiç zat, hiç hili çäre kär edenok. Giýäbendi bu ýoldan saklap biljek ýekeje zat bar. Ol hem onuň özi özüne güýçli erk etmeli. Özüne tarap owsundyrýan neşe önümlerinden ünsüni sowmaly. Ine, neşekeş özünde şu endikleri terbiýelemeli. Eý, Ynsan! Sen özüňe ynan. Öz-özüňe kömek et. Özüňdäki kemçilik, erksizlik üçin özge birinden kömege hantama bolma. Durmuş ummanynda özüň ýüzmäni başar. Kimligiňi subut et, göreşmegi başar. Göreşen hökman ýeňer. Älem duman görüner Apat bolup sürüner Öz-özüňi gemirer Päliňden gaýt töwella, Gaýt päliňden töwella. Içiňden dörän beladyr Wah, şeýtanyň alydyr Bir gün janyň aladyr Päliňden gaýt töwella, Gaýt päliňden töwella. Ýolsuz ýere südürär Gara daşa büdürär Baryp-baryp bildirer Päliňden gaýt töwella, Gaýt päliňden töwella.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir