Mahestiniň şahandazlygy Soltan Sanjary biparh goýmady. Indi, Soltan onuň ezberlik bilen çalýan şirin owazly sazlaryny, mylaýymdan mähirli ses bilen aýdýan ýakymly aýdymlaryny, zenan kalbyndan syzylyp çykýan nepis rubagylaryny ýygy-ýygydan diňläp durýardy. Mahestiniň bu zatlaryň daşyndan küşt oýnamagy - da diýseň ökdeligi üçin Soltan Sanjar döwlet işlerinden sypynan wagtlary onuň bilen küşt oýnardy. Şeýlelik - de, Mahesti indi Soltanyň köşgünde özüni örän arkaýyn hem erkana alyp barýardy. Bu bolsa köşk emeldarlarynyň käsiniň kalbynda bahylçylyk, başdaşlyk, käsiniňkide-de Soltandyr şahyr zanana betgumanlyk duýgularynyň döremegine sebäp boldy. Geň galaýmaly, şular ýaly gürrüňler tiz ýaýragyç bolýar. Özleri hakyndaky hyşy - wuşy gürrüňler bularyň ikisiniň-de gulagyna baryp ýetýär. Bu gürrüňler gyzy Soltan Sanjardan ürküzýär. Ol diňe bir öz - özünden däl, eýsem Soltan Sanjardan hem gorkdy. Bir pursat Soltanyň bu gürrüňleri neneňsi kabul etjekdigini göz öňüne getirip gördi. Ine, Soltan gazap atyna atlanýar. Ol Mahestini gözi bilen dalaýar. Gyzy köşkden daşlatmak barada perman berýär. Ýok, ýok Soltan beýle etmez. Ol bolar - bolgusyz gep - gybatlardan has belentde. Türkmençilikde dulda oturan ulygyzyň abraýy has ezizdir welin, ýöne Soltanyň abraýyna şek ýetirmek uly gyzyňkydan - da erbet urgudyr. Mahesti şu zatlary serine aýlap, indiden beýläk özüni Soltandan daşyrakda saklamaly diýen karara geldi. Mahestisiz geçýän meýlisler Soltany iňkise goýdy. Ilkinji gezek gyz meýlise gelmän galanda ony ýarawsyzdyr öýtdi. Soň - soň gyzyň araky gep - gürrüňlerden ürkenligine düşündi. Soltan gyza şeýle bir öwrenişipdi welin, onuň üçin indi Mahestisiz geçýän meýlisleriň gyzygy - da ýokdy. Gyza gözleri öwrenişen käbir adamlar üçin - de bu şeýledi. Mahestiniň - de haly teňdi. Gyz göwni soltan meýlislerini näler küýseýärdi. Danalaryň söhbeti, şahyrlaryň gazal aýdyşygy, bagşylaryň şirin owazlary onuň gulagyna gelip durdy. Mahesti olarsyz özüni edil kapasa düşen guş ýaly duýýardy. Sebäbi, balyklaryň diriligi suw bilen bolsa, şahyrlaryňky halk bilendi. Şonuň üçin - de gyzyň bu günlerki ýazýan rubagylarynda sussypeslik, ýalňyzlyk höküm sürýärdi. Gör-ä, dil bilen diňe bir adam göwnüni däl, eýsem älemiň kalbynda paralap boljak eken. Iň erbedi - de, soltangaladaky käbir gyz – gelinler - de Mahestä müňkürlik gözi bilen seredip ugradylar. Tüýs: “Iki aýal ortasynda dil ýortar, erkek ara düşse görüplik artar” diýleni. Özüni sözsüz, nähak paralaýan nazarlar gyzyň bagryndan ok bolup geçdi. Ilkinji gezek özüniň naçar bolup dogulanyna ahmyr etdi. Ol sanlyja günüň içinde, şeýle bir özgerdi welin, ony asyl tanar ýaly bolmady. Öňki göwni açyk gyzdan nam - nyşan galmady. Saralyp - solup göwresi bolsa bir gysym bolup galdy. Bir gün Soltan Sanjar gyza tötänden gabat geläýmezmi?! Soltan gözlerine ynanmady. “Bu şol sahypjemal oguz gözelimi? - diýip öz - özüne sowal berdi. Ýalan gepiň gysajyna düşen gyz Soltanyň deňinde sähelçe säginip, baş egip, geçip gidende, Soltanyň kalbynda näbelli bir yza peýda bolan ýaly boldy. Belki onuň gyza haýpy gelendir. Şu pursatda Soltan gyza dalda bolmak isledi. Ýöne töweregindäki özlerine bolan müňkür garaýyşlardan elheder etdi, Pelegiň oýnuna seret. Ýedi yklyma hökümi ýöreýän Soltanam öz pikirinde, öz hereketinde erkin däl. Soňky döwürdäki gozgalaňlar, adamlaryň arasyndaky güýjäp barýan agzalalyklar Soltan - Sanjary günde - günaşa guralýan meýlislerden, oturlyşyklardan birneme daşlaşdyrdy. Şeýle günleriň birinde Soltany otdan alyp, suwa salan wakalaryň biri bolup geçdi. Bir iş bilen daş çykan Soltan Sanjaryň gözi Mahesti bilen duran şahyr ýigit Hatyp ogly Emir Ahmede düşäýmezmi. Emir Ahmet metjitde azan aýdyjy, hutba okaýjydy. Soltana gözi düşenden olaryň ikisi - de basym aýrylyşmak bilen boldular. Näme üçindir Soltan Sanjaryň damarynda gabanjaňlyk duýgusy at çapdy. Ol ertesi ir säherden Mahesti bilen duran ol şahyr ýigidi köşkden çetleşdirmek barada perman berdi. Muny eşiden gyz allaniçiksi boldy. Emir Ahmediň köşkden çetleşdirilmegine düýnki duşuşygyň sebäpdigini duýdy. Ýöne Soltanyň näme üçin şeýle edendiginiň düýp sebäbine hiç düşünip, akyl ýetirip bilmedi. Haçan - da şeýle waka bir gürji ýigidi bilen gaýtalanan wagtynda, şugulçularyň adyna gidip, soltanyň ol gürji ýigidini - de köşkden çetleşdirilmegi, ýene - de gyzy böwrün diňlemäge mejbur etdi... Adaty günleriň birinde Soltan ýene - de meýlis gurady. Soltanyň hut özi tarapyndan çakylyk gelmegi Mahestini meýlise barmaga mejbur etdi. Soltanyň meýlisine gijä galyp barmak ret edilýärdi. Eger kimde - kim eglenip geläýse, käsede däl - de, öküziň şahyndan edilen gapda şerap içmelidi. Mahesti bu günki meýlise gijä galyp geldi. Soltan Sanjar gülümsiräp, gyza bir şah şeraby uzatdy. Soltanyň edähedinden habarly Mahesti Soltanyň raýyny ýykmaga haky ýokdy. Ol oňa bolan hormatynyň hatyrasyna - da, şanyň elini yzyna gaýtaryp biljek däldi. Şonuň üçin - de gyz şeraply badany göterdi. Şa ýene - de gülümsiräp ikinji şahy - da uzatdy. Mahesti - de Şanyň raýyny gaýtarmady. Emma Şa üçünji şahy uzadanda gyz: Şahym, herki zadyň ýagşydyr çaky, Meň alkyşym bolsun Şahymyn ýüki, Üçünji ne derkar, men öküz däl-ä, Bilýäň-ä, öküziň şahy-da iki. -diýip, rubagy üsti bilen jogap berýär. Bu jogapdan soň Soltan Sanjar gyzy mejburlap bilmedi. Töwerekden müňlerçe göreçler olaryň hereketini yzarlaýardy. Muňa bolsa olaryň ikisi - de oňat düşünýärdi. Meýlis gyzyşdy, jürlеwigiň agzyndan meý içýän Enweriniň başy samäp ugrady. Ol häli - şindi Soltanyň ýanyna gelip, göwnündäkini dökýärdi. Soltanyň - da wagty diýseň hoşdy. Şonuň üçin Enwerini öz ugruna kowup onuň häsini ýetirýärdi. Enweri Soltanyň köşkünde uly hormatdan peýdalanýardy. Ol üç sany beýik saýylýan şahyrlaryň biridi. Enweri bilen Munzzi Soltan Sanjaryň ýörişleriniň ruhalаndyryjysydy. Şonuň üçin Soltan nirä gitse olary ýanyndan goýmazdy. Munzzi Soltanyň köşgünde şahyrlaryň emiri derejesine ýetýär. Munzzi gepleşiler geçirmek üçin sanjar tarapyndan wekil bolup, Wizantiýa – Ruma - da gidýär. Enweriniň bir kemi, onuň şeýle meýlislerde meýden aşa doýup, göwnündäkisini aýtmagydy. Ýöne, Soltan ondan göwün - garyn edip durmazdy. Onuň kemçiligini görmedikden bolardy. Şonuň üçin şahyryň bu günki boluşyny - da adaty bolmaly zat hökmünde kabul etdi. Soltan birden: -Adamlar, indi Mahestini diňläýsek nähili görýäňiz?! - diýip, oturanlara ýüzlenende gyzyň ýüregi süýjülik bilen gobsunyp gitdi. Muny onuň Soltana “ýalt” edip, minnetdarlyk äheňinde seredişinden hem aňmak bolýardy. Meý - mes bolup, çakyry ýeten adamlar ýerli - ýerden Soltany goldadylar. Bu mahal olaryň akyly inçejik gyly däl, hatda ýogyn töňňäni - de kesjek däldi. Mahesti: -Baş üstüne, Soltanym - diýip, eda bilen täze ýasan rubagylarynda birnäçe bent aýdyp berdi. Gyzyň soňky aýdan rubagysy Soltan Sanjaryň has - da keýpini çaglandyrdy. Soltan şol bendi ýene bir gezek gaýtalamagyny gyzdan towakga etdi. şa, Hakdan diläýin, ýaşa müň ýyllar, Saýaňda bagtyýar örňesin iller, Her ýyl müň aý bolsun, her aýda müň gün, Her sagat müň güne bolsun barabar! - diýip, gyz ikilenç gaýtalanda Soltanyň begenjiniň çägi bolmady. Ol elini çarpyp hazynaça birnäçe gymmat baha şaý - sepleri getirdip, gyzyň öňüne dökdi. A.Kakaýewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir