21-nji noýabr dünýä ýüzünde “Salamlaşyk güni”. Salamlaşmak – özboluşly ajaýyp sungat. Adamlaryň birek-birek bilen tanyşmagy, görüşmegi, öňki gatnaşyklaryny has berkitmegi salamdan başlanýar. Salam diňe bir duşulanda iki adamyň arasynda ýerine ýetirilýän ýönekeý bir däp-dessur bolman, eýsem onuň uly manysy,ynsanlary biri-birine ysnyşdyryjy güýji bar. Çünki salam bermek we almak arkaly adamlar öz garşydaşlaryna: “ Sizi görenime örän şat”, “ Hoş gördük”, “Hoş geldiňiz”, “Men sizi hormatlaýaryn” diýmek isleýändigini aňladýar. Psihologlaryň aýtmaklaryna görä, güler ýüz bilen berlen salam we ondan soňky mähirli soralyşyk keýpiňi göterýär, duşuşanlaryň ikisinde-de biri-birine ynam döredýär. Edep-ekram bilen berlen salam garşydaşyňda saňa mähiri güýçlendirip, käbir öňki ujypsyzja öýke-kineleriň aýrylmagyna ýardam edýär. Salamlaşmagyň esasy düzgünleri hökmünde şulary bellemek bolar: Intonasiýa - Salamlaşmagyň esasy şerti! Haçanda adamlar bilen salamlaşylanda gödek ýa-da göwünli-göwünsiz berlen salam garşydaşyň keýpini bozup ýa-da onda saňa bolan ýakymsyz duýgyny oýaryp biler. Ýylgyryş - Birek-birege ýylgyryp salam beriň. Çünki ýylgyryş salamlaşýan tarapyň ikisiniň hem göwnüni göterýär. Hereketler, üm, el hereketi - siz salamlaşýan adamyňyzyň diline düşünmeýän hem bolsaňyz, öz hereketleriňiz bilen onuň bilen görşüp bilersiňiz. Munuň üçin ýeňiljek baş egmek, garşydaş tarapyň elini gysmak, gujaklamak ýaly hereketler, dürli üm-yşaratlar ulanylyp bilner. Görşülende salamlaşýan adamyň ýüzüne seretmeli. Gapdala ýa-da aşak - ýokary seretmeklik, eliňi jübiňe sogup durmaklyk garşydaşy äsgermezçilik hasaplanylýar. Ata-babalarymyz hem salam bermeklige, almaklyga aýratyn üns beripdirler.Bu barada akyldar Magtymguly: “Öňde, yzda görseň her kes gulamyn, Ondan aýamagyn Taňry salamyn” – diýip nesihat edipdir. Her bir daragtyň öz köki bar.Islendik milletiň hem öz edim-gylymy, salamlaşyk dessurlary bar. Dünýä ýurtlarynda salamlaşylanda diňe bir olaryň dilleri üýtgeşik bolman, eýsem salamlaşylanda hökman ýerine ýetirilmeli däpleri hem bar.Özge halkyň wekili bilen onuň dilinde salamlaşmaklyk şol halkyň wekilini has-da begendirer, size aýratyn mähir bilen garar. Aziýa ýurtlaryndan Tailantda, Laosda, Kambojada salamlaşylanda elleşilmeýär. Oňa derek çokunylýan ýaly elleriňi birleşdirip, ýeňiljek baş egilýär we ‘’ Waý’’ diýilýär. Tailantlylar bilen salamlaşanyňda başgaça ‘’Kap’’ hem diýseň bolýar. Laosda resmi däl salamlaşyk hökmünde ‘’Sa-baý-di’’(ýagdaýlaryňyz nähili?). Şeýle-de “Khrap” ýa-da “Ha” ulanylýar. Kambodjada “Çum rip sur” (“Salam”) diýilýär, şeýle-de jogap berilýär. Wýetnamda ulular bilen görüşilende, baş egilýär we “Çau” diýilýär. Malaýziýada we Indoneziýada salamlaşylanda elleşilýär we günüň dowamynda dürli usullar bilen salamlaşylýar. 1. Ertiriňiz haýyrly! (“Selamat Page-e”) 2. Agşamyňyz haýyrly! (“Selamat Malam”) 3. Gijäňiz rahat! (“Selamat Tidýure”) Hytaýda “Ni hao”, Filippinde “Kamusta” diýilse, has gowy görülýär. Özbekler we azerbaýjanlar “Salam aleýkum” diýýärler. Hindistanda “Namaste”, Ýaponiýada “Konniçi wa”, Eýranda “Essalamualeýkum”, türklerde “Merhaba” ulanylýar. Görşümiz ýaly, salamlaşyk dürli dillerde dürliçe ýaňlanýar. Şeýledigine garamazdan olaryň ählisi hoşniýetli gatnaşyklary aňladýar.

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir