Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” atly kitabyndaky bir hekaýata görä, gadym döwürde gurply adamlaryň biri hyzmatkärini hem ýanyna alyp, uzak ýola argyşa gidermen bolýar. Birnäçe düýeleri ýola taýynlap, azyk - owkatyny, goş - golamyny jemläp, hyzmatkärini hem ýanyna alyp, ýola düşüpdir. Bu hyzmatkär hoş heňli, mylaýym sesli ýigit eken. Ötülmeli ýoluň pikirini unutmak, ýadawlygy duýmazlyk üçin baý adam hyzmatkärine aýdym aýtmagy buýrupdyr. Hyzmatkär bu talaby birkemsiz ýerine ýetiripdir, ýakymly owazy bilen aýdyma hiňlenipdir. Bu owaza maýyl bolan düýeler hem, ýol ýadawlygyny duýmazdan, üç günde aşmaly menzilini bir gijede geçipdir. Barmaly menziline ýetenlerinde, ýigit sesini kesipdir. Düýeler diňe şondan soň ysgyn - mydaryny ýitirip, bir tarapa agypdyrlar we jan berip başlapdyrlar. Diňe ýekeje düýe janhowluna urnup, hokurdap, däbşenekläp ýatyrmyşyn. Baý adam bu zatlara şol ýakymly owazyň sebäp bolandygyna göz ýetiripdir. Ol hyzmatkärini ýanyna çagyryp: “Düýe az - kem özüne gelýänçä, ot - suw bilen ganýança, mylaýym aýdymlardan birini aýtmagy” haýyş edipdir. Hyzmatkär aýdyma başlan dessine, düýe başyny dikeldip, ot - suwa agzyny urupdyr. Aýdymyň sözlerine düşünmese-de, ondaky ýakymly owaz düýä örän uly täsir eden bolmaly. Hawa, aýdym - sazyň gudraty bilen uzak ýoly ýakyn edip bolýar. Aýdym - sazyň güýji bilen kalbyňy basmarlan gubary kowup bolýar. Aýdym - saz bilen näsagyň derdine melhem bolup bolýar. Aýdym - saz bilen adamlaryň zähmet öndürijiligini has ýokarlandyryp bolýar. Aýdym - saz bilen ynsan zähmetini dabaralandyryp bolýar. Aýdym - saz bilen ähli kynçylyklary ýeňip bolýar. Aýdym - saz bilen alys ýoly ýakyn etmek bolýar. Aýdym - sazyň güýji bilen täze - täze mümkinçilikleri ýüze çykaryp bolýar. Aýdym - sazyň gudraty bilen uçar guşlaryň baryp bilmeýän asman-u pelegiň goýnunda erkana perwaz urup bolýar. Aýdym - sazyň güýji bilen söýüp, söýülip bolýar. Aýdym - sazyň gudraty bilen bütin älem - jahany gözellige besläp bolýar. Diýmek, her ýylyň 27-nji iýunyny «Medeniýet hem-de sungat işgärleriniň güni» diýip, yglan eden Тüркменистаныň Prezidentiне her näçe alkyşly sözleri aýtsaň-da azdyr. Мedeniýet hem-de sungat işgärleri mähriban Prezidentimiziň uçursyz tagallasy bilen, aýdym - saza beslenen ömürleriň mübärek eýýamynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýanдыклары üçin özлерини juda bagtyýar saýýarлар.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir