ISPANIÝA-GOLLANDIÝA ÇILI-AWSTRALIÝA Ynha-da garaşylan dünýä çempionaty hem gelip ýetdi. Şu gün Türkmenistan Sport kanalyndan nesip bolsa 23:45-de Çempionatyň açylyşyny we sagat 01:00-da Braziliýa bilen Horwatiýanyň arasynda boljak açylyş oýnuna tomaşa ederis. Elbetde bu oýunlar üçin Çaklama temasyny açypdyk. Ertir 13-nden 14-ne geçilýän gije hem iki sany duşuşyk bar. "B" toparçada Ispaniýa-Gollandiýa we Çili-Awstraliýa duşuşyklary bolar. Şol gije Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da Braziliýanyň Salwador şäheriniň "Fonte-Nowa" meýdançasynda Ispaniýa Gollandiýa bilen duşuşar. Oýna Italiýaly Nikolo Rissoli eminlik eder. Elbetde bu oýun 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň hem adydy. Iniýestanyň salan ýeke-täk pökgüsinden soň Ispaniýa dünýä çempiony bolupdy. Şol toparçaň ikinji oýnunda hem Çili Awstraliýa bilen duşuşar. Oýun şol gije sagat 03:00-da, Kuýaba şäheriniň "Arena Pantalal" stadionynda oýnalar. Oýna Kot Iduwarly Numandez Due eminlik eder. Hany onda, çaklamamyzy goýubereliň. Goýmadyklar birinji günki oýunlara hem şu günki oýun başlamanka goýup biler.

Köneler, messibet tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir