”Olar mazaryň üstüne goýlan agaçlary ýeke-ýekeden aýryp başladylar. Aýyň ýiti şöhlesi mazaryň düýbündäki duw ak köpüne dolanan jesede düşdi. Olar kä gorky, kä howsala astynda iki bolup mazardaky jesedi ýokary çekip çykardylar. Garalyp görünýän öl topragyň üstünde ýatan jeset gorkuly hem elhenç görünýärdi. Mustapa elindäki fonarik bilen jesede yşyk tutup, köpüniň başuç tarapyndan dilip goýberdi. Aýyň ýagtysyna buýra saçly aýal kellesi görünip gitdi. Mustapa ak matany ýene azajyk dildi-de, yşyk tutdy. Hamala dirilikdäki ýaly görmegeý aýal maşgalanyň gan-petsiz ýüzi göründi. Onuň gözelligi edil dirilikdäki ýaly aklyňy haýran ediji gorkunç hem asuda keşbi Mustapanyň gara niýetlerden doly kalbyny çigidiň gabygy ýaly-da, gozgalaňa salmady. Gyzyň boýnundaky lowurdap şöhle saçýan altyn monjuklary Mustapanyň gara nebsini öňküden-de odukdyrdy. Monjugy hasyr - husur çözmekçi bolup, gyzyň kellesini dyzyna gysanda Mustapa alalaniçiksi tisginip gitdi. Göwnüne bolmasa gyzyň teninde yssylyk bara meňzedi. Emma, ol bu ýagdaýy basym unudyp, gyzyň boýnundaky monjugyň bagyny şarpa kesdi. Barmaklaryndaky ýüzükleri hem açgözlük bilen sogruşdyryp aldy. Gyzyň guýma altyndan dişleri-de bardyr öýdüp çak etdi. Mustapa öküzçäniň damagyny çalmakçy bolýan rehimsiz gassap ýaly çöküne düşdi-de gyzyň eňegine ýapyşdy. Onuň agzyny açmakçy bolup bar güýji bilen çygylyp, demir ýaly barmaklary bilen gyzyň äňlerini gaňyrdy. Jeset aşagyndan gop berilen ýaly silkindi. Şol pursаtda galam bilen ýazyp suratlandyryp bolmajak aýlyganç waka ýüze çykdy. Jesediň elleri dirilikdäki ýaly herekete gelip, göz açyp ýumasy salymyň aralygynda Mustapanyň tüýlek goşaryndan bela ýaly bolup ýapyşdy. Şonuň yz ýany bilen bolsa, surnukdyryjy ukudan oýananyňky hem-de duýdansyz üstüni aldyranyňky ýaly aýal maşgalanyň çirkin, ýürek paralaýjy sesi mazarystanlykda ýaňlanyp gitdi“. Hormatly okyjylar! Wakanyň yzy bilen tanyşmak isleseňiz, onda siz görnükli žurnalist Baba Şyhyýewiň “Süleýman Hajynyň ölümi“ atly powestini kiтаphanalardan alyp okap bilersiňiz.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir