Daýanç Orazgylyç “Talyp tagamlary” atly yzygiderli düşüren wideolary, soňky wagtlarda sosýal mediýada paýlaşýan gysga göwrümli wideolary bilen ýaşlaryň arasynda tanalmaga başlady we geljekde Türkmen kinosungatynyň parlak zehinlerinden biri hökmünde görülýär . Ony biraz ýakyndan tanamak , geljekdäki maksatlaryndan gürleşmek üçin söhbetdeşlik geçirmek isledik we teklibimizi kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirýän. M: İlki özüňiz hakda biraz gürrüň beräýseňiz? Daýanç Orazgylyç : Mary welaýatynyň Baýramaly obasynda 1991-nji ýylda doguldym. Entek men çaga wagtym maşgalamyz bolup Aşgabat şäherine göçdik. Bäşinji klasda Türkmen-Türk mekdebe gatnap başladym, gutaranymdan soň Türkmenistandaky üniwersitetleriň hiç birine tabşyrman, Londona gitdim. Bir ýyl iňlis dili , 3 ýyl dizaýn okadym. Soňra Türkiýedäki tejribe tarapdan, tehnologiýada we şekil tarapdan ähli mümkinçiliklere eýe bolan İpek Üniwersitedine gitmäge karar berdim. M: Filmler bilen haçan gyzyklanyp , höwes edip başladyňyz? Daýanç Orazgylyç: Başlangyç klaslarda okaýan wagtlarym , ol döwürler Türkmen şekilli aýdym sungaty ösüp başlapdy. Şol aýdymlaryň nähili düşürlýändigi barada gyzyklanýardym. Ýöne hiç seredip görmedim. Ýedinji klas wagtym, bizden bir ýaş uly bir oglan Amerika gidip gelipdi we okuwda gysgajyk film çekipdi. Gaty göwnüme ýarady. Öz ýanymdan menem “Hökman kiçiräk film düşürerin” diýipdim. İki hepde sonra gysgajyk wideo düşürip gördüm. Ondan soňra gysga film. Şeýdip kiçiräk gysga film we klipler bilen dowam etmäge başladym. M: Diýmek bu käri eýýäm şol wagt ýüregiňize düwüp başlapsyňyz Daýanç Orazgylyç: Hawa, ýöne mümkinçilik ýokdy. Londonda wagtym film düşürmäge bolan höwesim hasam artdy. Sebäbi ol ýerde oglanlaryň özbaşdak film düşürýändiklerine şaýat boldym. Özüme ilkinji ýokary hilli kameramy satyn aldym, “Talyp tagamlary” ýaly wideolary düşürüp başladym. Londonda gowy ýerde dizaýn ugry gutarypdym. Ýöne film düşürmek meni has köp özüne çekýärdi. Soňra belli bir netijä geldim we sinema ugryndan okamagy ýüregime düwdim. Kakam bilen gürleşdim, oňa işlerimi görkezdim. Olam razy boldy. Amerika gitmäge synanşyp yörkam bolsa İpek Üniwersitedine gabat geldim. Berýän mümkinçilikleri örän gowydy, Hollywood standardynda bir bilim berýärdiler. Şu wagt bu üniwesitetde okaýan, gapdalyndan hem kamera bilen işleşmäge, düşürmäge dowam edýän. Şu ýerde eden käbir işlerim bar https://vimeo.com/dayanch M: Geljekde göz öňüne tutýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz? Daýanç Orazgylyç: Özümiň senarýosyny ýazyp, rejisyorlyk eden filmlerimi düşürmek , dünýä möçberinde bir rejisýor bolmak we öz Watanyma hyzmat etmek isleýän. Ýöne bir döwlete garaşly bolup işlemegi dal-de : İnnowasiýasy, tehnologiýasy, medeniýeti we ekonomikasy ýokary bolan ýurtlarda öz işimi dowam etmek islärdim Yzygiderli döretmek isleýän. Boş otyryp bilemok. Taryhy filmleri köpräk düşürmek islärdim. M: Näme üçin taryhy filmleri has köpräk düşürmek islärdiňiz? Taryhy filmlerde sahnalar biziň her gün gözümiziň öwrenişen sahnalaryndan tapawutly bolýandygy hem bir sebäbiňiz bolup bilermi? Daýanç Orazgylyç: Hawa ol sebäp hem bar. Ýöne , başga bir sebäbim, belki iň uly sebäbim, Musulman medeniyetiniň , Türki halklaryň örän baý , gyzykly taryhy bardygyny görkezmek. Ýöne olary entäge çenli tanadyp, ähli owadanlygy, baýlygy bilen görkezip bilýän filmler ýok diýerlik derejede az. Günbatar beýle däl. Biziň Gökdepe söweşimiz ýaly bir söweş Amerikada bolsady, ol hakda eýýäm onlarça film düşürerdiler. Amerikanyň üç ýüzýyllyk taryhy bar. Biziň bolsa dartgynly, gowgaly, ýeňişli, ýeňilişli bäş müň ýyllyk taryhymyz bar. Beýleki tarapdan taryhy filmlerde ähli zat täzeden , gaýtadan oňarylýar. Jaýlar, adamlaryň geýimleri, köçeler , şiweler we ş.m . Başga-da häzirki döwrüň ýaşlary hakda düşüresim gelýär M: Häzirki döwrüň ýaşlarynda iň esasy görkezmek isleýän zatlaryňyz nämeler bolardy? D. Orazgylyç: Häzirki döwrüň ýaşlarynyň in uly meselesi boşa sarp edilýän wagt, boşa sarp edilýän güyç. Ýalňyş isleg arzuwlar M. Ýaşlar nämäniň ýalňyş, haýsy ýoluň dogrydygyny bilmeýändikleri üçin wagtyny boşa sarp edýändikleri hakda näme pikir edýäňiz? D.Orazgylyç. Netijede bu ýaşlgyň mydamalyk däldigini, wagtlaýyndygyny bilmeli. Dogry kär, dogry dostlar, dogry durmuş pelsepesi bolmaly. Menin pikirimçe filmler tomaşaça bir zatlar berip bilmeli, öwredip bilmeli. Filmleriň dine wagt geçirmek, lezzet almak üçin bolmagyny dogry hasaplamok. Sebäbi bir adamyň 2-3 sagat wagtyny we pulyny alýarsyň. M: Filmleriň diňe manydan ybarat däl-de eýsem ruhy doýum, lezzet bermelidigini öňe sürýänler hem bar. Bu pikire nähili garaýaňyz? D.Orazgylyç: Belli bir derejede bolmaly. Diňe owadanlykdan ybarat , seniň wagtyny alyp saňa hiçhili goşant goşmaýan filmler wagtlaýyn bolýar diýip pikir edýän. M: Great Gatsby siziň pikiriňizçe bir zat öwretmeýän, emma owadan filmlere degişli edilip bilnermi? D. Orazgylyç: Bey diymäň. Meniň iň gowy görýän filmlerimden biri ol. Gaty halaýan. M: Ylham alýan rejisorlaryňyz barmy? Olaryň filmlerini haýsy tarapdan halaýarsyňyz? D.Orazglyç: Esasan Çingiz Atmatow, Anton Çehow, Tolstoý, Gurbannazar Ezizow, Hydyr we Ylýas Amangeldiyew ýaly ussat ýazyjylar meniň ylham çeşmäm. Hydyr aga, Ylýas aga bilen işleşmegi öran islärdim. Maslahatlaşýarys we maňa uly goldaw berýärler.Tomus baramda köpräk wagt geçiresim gelýär olar bilen. Rejisorlardan Quentin Tarantinodan ylham alýan, hasam filmlerindäki güyçli dialoglaryny halaýan. Başgada James Cameron, Steven Spielberg, Nuri Bilge Ceylan. M: Bir idea nahili gelýär size? Duýdansyzmy? D.Orazgylyç: Bir ýerden ylham alýan we galany fantaziýam boýunça. Ussat sungat adamy şol bir sanda ussat ogrudyr diyip eşdipmidiňiz? M. Ýok eşitmändim. Bu sözleri hem söhbetdeşlige goşmagymy isleyarsiňizmi? D. Orazgylyç: Goşup bilersiňiz. Ýöne meniň öz sözlerim däl. Ýakynda çeken wideomy (https://vimeo.com/96006893) bir suratdan ylham alyp düşürdim. M: Kameraň arkasynda bolman käwagt geljekde öňüne geçmek, aktýor bolmak hem islärmidiňiz? D.Orazgylç: Kiçiräk rollarda oýnamak islärdim. Men erbet oýunçydygymy boýun alýan. M. İstanbul hakynda düşüren gysga filmiňiz hakda biraz gürrüň beriň. D.Orazgylyç:Beyaz show programyna wideo düşürmek işlerini synlamaga gidipdik. Showyň başlamagyna 4-5 sagat barka Eminönüne aýlanyp ýördüm. Stambulyň aslynda her ýeri owadan. Şol wagt höweslenip düşürmäge başladym. Öýe gelenimden soňra montaj edip youtube okladym we daşary aýlanmaga gitdim. Gelenimde gutlaglar,dostlarymdan hatlar. Beýle zada garaşmandymam. M: Söhbetdeşlik üçin, beren gürrüňleriniz üçin sagboluň. Gelejekdäki işleriňizde üstünlik arzuw edýäs. çeşme: https://www.facebook.com/zournalist

Köneler, shahyr tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir