Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan galan milli mirasy, baý medeniýeтi we sungaty, şeýle hem her bir maşgalada uzak ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelyän däp - dessurlary öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Türkmen maşgalasynyň hamyrmaýasy milletimiziň däp - dessurlarynyň dury çeşmelerine - türkmen ynsanperwerligine, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatsöýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulandyr. Her bir türkmen maşgalasynda asyrlaryň dowamynda milli ruhy gymmatlyklar, maşgala bilen bagly iň gowy däp - dessurlar we adatlar aýawly saklanyp, nesilden - nesle geçirilip gelinýär. Şoňa görä-de, ýurtda maşgala gymmatlyklaryna uly üns berilýär. Şol gymmatlyklaryň esasynda ýaşlaryň ýokary ideýa - ahlak sypatlary kemala gelýär. Maşgala bagtyýarlygynyň ilkinji zerur esaslary bolan gaz, duz, elektrik togy, benzin ýangyjy Türkmenistanda mugt. Arada Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlaryň biri bu ýerdäki artykmaçlyklary öz gözi bilen görüp: “Men öz ýurdumyň orta gurply adamlarynyň biri. Ýöne, şeýle-de bolsa ojagymyza malyň tezegini ýakyp oňňut edýäris. Garaňky düşende, welin biz diňe oturýan jaýymyzyň çyrasyny ýakýarys. Tüweleme, siziň ýurduňyzda gijeleriňiz hem gündizlik ýaly. Köçeleriňizde-de, öýleriňiziň ähli otaglarynda-da elektrik togy ýagtylyk saçyp dur. Onda-da mugt diýsene “diýip gözigidijilik bilen gözlerine ýaş aýlady. Hawa, hat-da öz ýurdumyzda ýaşaýan raýatlarymyzyň özi-de döwlet artykmaçlyklarymyzy sebäp bilen başga bir ýurda baran mahallarynda duýup galýarlar. Arada bir märekede eneleriň biri goňşy döwletleriň birine myhmançylyga baranda gije ýarymdan agansoň gaty üşäp başlandygyny, ýany bilen alyp giden gazetleriniň birinde ýerleşen Türkmenistanyň Prezidentiniň nurana keşbinden ýylylyk alyp “ Aýlanaýyn öz Prezidentimizden“ diýip, suraty ýüzüne sylyp daňy atyrandygyny halysalla beýan etdi. Türkmenistanyň bazarlaryndaky harytlaryň nyrhy dünýäniň iň ösen ýurtlaryndan-da elýeterli. Türkmen tagamlarynyň naýbaşy bolan ýokary hilli tüwiniň bahasy geçen 2013-nji ýylda hem 3 manatdy, häzirki zähmet haklary 10 göterim ýokarlanan wagtynda hem bazar harytlary özüniň owalky bazar nyrhyny saklady. Bu ýagdaý halkyň bagtyýar ýaşaýyş durmuşy üçin bu ýerde uly mümkinçilikleriň barlygyndan habar berýär. Adamlaryň elleri uzadan ýerine ýetýär. Sadaka ýa-da toý üçin ýazylýan bol-telki saçaklaryň arasynda ol diýen kän bir artykmaç tapawut ýok. Adamlaryň elleri uzadan ýerine ýetýär. Tehnikanyň soňky gazananlary bilen aýakdaş bina bolýan ýaşaýyş jaýlarynyň amatlyklary ýylyň-ýylyna kämilleşýär. Ýaşamak üçin millet üçin heý-de şundan uly bagt bormy?! 2014-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Президентиниň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisinde komitetleriň bäşisi, ýagny, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky, Ylym, bilim we medeniýet baradaky, Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky, Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetler hereket edýärdi. Milli parlamentiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň işleýän döwründe aşakdaky sekiz komiteti döretmegi teklip etdi - Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Kada-kanunçylyk baradaky komitet; Ykdysady¬ syýasaty baradaky komitet ; Ylym. Blim, medeniýet we ýaşlar syyasaty baradaky komitet; Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitet; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitet; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitet. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Mejlisiň sekiz komitetini döretmek bara¬da Karar biragyzdan kabul edildi. Olaryň öňünde durýan wezipeleriň mazmun giňişlikleri täze müňýyllyklara uzady. Ahyrky maksady bir netijä utgaşýan ýokardaky döredilen täze komitetler diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem ähli halkyň bagtyýar geljegini ygtybarlandyrýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň: «Biz her bir adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasydygyny hiç wagt unutmaly däldiris! Mejlisiň täze düzümi üçin hem, öňküsi ýaly, kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugry döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakdan ybarat bolmagynda galmalydyr. Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde we täze betentliklere ýetmeginde, şah-syyetiň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekde hem-de giňeltmekde has düýpli maddy kepillikleriň göz öňünde tutulmagynyň örän möhüm ähmiyeti bardyr. Bu wezipeleri täze kanunlar işlenip taýýarlananda nazara almak we döredijilikli ulanmak zerurdyr» - diýen sözleri doly tassyklaýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir