Adamzat durmuşynyň kämilleşmegi bilen adamlar diňe bir gury ýerde däl eýsem, suw ýollary arkaly aragatnaşygy ýola goýup başlaýarlar. Suw diýilse gämiler, gaýyklar göz öňünde janlanyar. Çünki deňiz ýollary arkaly aragatnaşyk gämileriň üsti bilen amala aşyrylýar. Eger şeýle bolsa gämileriň taryhy barada bilmek hemmämize gyzykly bolsa gerek. Taryhda ilkinji ýüze çykan uly gaýyklar häzirki zaman gämileriniň ilkinjileridir. Ilkibaşda adamlar agaçlaryň içini köwüp gaýyklary ýasapdyrlar. Käbir ýerlerde bolsa agaçlaryň azlygy sebäpli bambuk agaçlaryny birleşdirmek arkaly gayyklar döredilipdir. Bu ilkinji gaýyklar has ýönekey bolanlygy üçin suwa çykylanda dürli kynçylyklara sezewar bolupdyr. Şol sebäplide wagtyň geçmegi bilen gaýyklarda kürek ulanmaklyk usuly başlanyar. Biziň eýýamymyzdan öňki 4000-nji ýyllarda bolsa gaýyklar ýörite ýelkenler arkaly baýlaşdyrylýar. Ilkinji gezek uly gämiler Müsürde döredilýär. Şol wagtlar Müsürde suw ýollary arkaly aragatnaşyk ösen bolupdyr. Ilkinji äpet gämi hem müsürlilere degişlidir. Bu gämi Müsür faraony Ptolimeý IV üçin gurlupdyr. Onuň uzynlygy 128 metr bolup, içine 2850 esgerden daşary 400 ýolagçy sygypdyr. Müsürden gaýdan gämi gurluşyklary dünýäniň birnäçe döwletlerine ýaýrayar. Şol sanda Rimde hem gämi gurluşyk işleri başlanýar. Olar ilkinji uzynlygy 30 metre ýetyän gämileri döredipdirler. Bu gämilerde birnäçe sany kürekler bolup, her kürek üç adam tarapyndan herekete getirilipdir. Bu bolsa gäminiň tiz hereket etmesinde uly täsir edipdir. Gämi gurluşyklarynyň kämilleşmegi bilen dürli maksatly gämiler ýüze çykyp başlayar. Wikinglerde 35-40 adama niýetlenilen syýahat gämileri bolan bolsa, beýleki döwletlerde eýýäm söwda aragatnaşyk maksatly, ýükleri daşaýan gämiler peýda bolup başlaýar. XV asyryň II ýarymynda portugallar we ispanlar tarapyndan karawella gämileri dörediiyär we olar ilkinji geografiki açyşlarda ulanylýar. Wasko da Gama Hindis-tana, Hristofor Kolumb Amerika açyşlaryna gidende hem karawellalar peýdalanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen gämiler kämilleşip diňe ýelkeniň kömegi bilen hereket edyan gämiler ýüze çykýar. 1850-nji ýyldan başlap gämileriň yelkenleri has ulaldylyp, olaryň boýlary hem has belentlige galdyrylýar. Şeýle hem agaç sütünleri demir sütünler bilen çalşyrylyar. Bu bolsa deňiz tupanlarynda heläkçiligiň öňüni alypdyr. XVII asyryň ahyrlarynda Denis Papiniň bug maşynlaryny oýlap tapmagy bilen, 1707-nji ýyldan bu täzelik gämilerde peýdalanylyp başlanýar. Ýöne bug maşynly gämiler ilki başda peýdasyz hasap edilip olary ulanmaklyk yatyrylýar. Soň ýenede 1783-nji ýylda fransiýaly hünärmen Jouffroý Abbans hem-de 1803-nji ýylda amerikaly hünärmen Fultan tarapyndan täzeden ulanyşda görkezilýär. Peýdaly taraplary adamlara mälim bolandan soňra bug maşynly gämilerden adamzat durmuşynda giňden peýdalynylyp başlanýar. Häzirki wagtda gämi gurluşygy uly derejede ösýär. Durmuş maksatly ýük daşaýan, syýahat, söwda gämileri peýda boldy. Olar birnäçe tonna ýükleri daşamaga ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ýük daşaýan gämilerden iň ulusy diýlip, 1976-njy ýylda gurlan «Jahre Wiking» atly yapon gämisi hasaba alyndy. Şeyle hem gämiler harby gulluklarda giňden peydalanylýar. Iň uly harby gämi bolsa «Hood» ady bilen Angliýa degişlidir. Bulardan başga-da häzirki günde iň kämil derejede ösen gämiler adamlaryň hyzmatyndadyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir