Adamzat taryhynyñ hemme döwürlerinde-de dil iñ gudratly ýaraglaryň biri bolupdyr. Heňňam garradygyça-da dil özüniň iň ýiti, täsirli ýaragyny ýitirmeýär, her döwre uýgunlaşýar, her zamanda öz hyzmatyny kemsiz ýerine ýetirýär. Dil halkyň aýrylmaz alamatydyr. Diliň köptaraplaýyn möhümligi nazarda tutulsa, onuň ösüş, özgeriş taryhyny öwrenmek hem esasy meseledir. Çünki milli dil halky halk edýän esasy sypatlaryň biridir, ony suwara bilmek bolsa , ähli türkmeniň jana-jan borjudyr. Ýöne ýere „Dile gelen sözler göwün nagşydyr“ diýilmeýär ahyry. Adam märekede sözleýän sözleri, gürrüň berşi arkaly özüniň kimdigini köpçülige äşgär edýär. Bu babatda Keý Kowus hem öz ogluna : „Märekäniň öňünde sözleýän sözüňi halkyň göwnünden turar ýaly mümkin boldugyça, gowy sözlegin , sözläniňde zehininiň derejesi görner ýaly sözlegin, çünki beýik hem dana adamlary gep uruşlaryna görä tanaýarlar“ diýip nesihat edýär. Süýji dilli bolmak , her bir adam bilen mylakatly gepleşmek ählimiziň borjumyzdyr, çünki ýagşy söz ýylany hininden çykaryp bilýän bolsa, bilgeşleýin ýa-da tötänleýin aýdylan ajy söz gylyjy gyndan çykaryp bilýändir. Bu babatda Ýusup Balasagunly XI asyrda özüni dünýä ýüzüne doly ykrar etdirip, şu güne çenli öz gymmatyny gaçyrman gelen “Kutadgu bilik“ poemasynda: „Dildir başymyzy bagta atarýan, Dildir başymyza bela getirýän“ diýip belleýär. Öz ene diliňi bilmek-gymmatly baýlyk. Keseki dilleri bilmeklik bolsa, baýlygyň goşalanmagy.“Dilini bilen halkyň özüňki“ diýip gaty dogry aýdypdyrlar.“Leýli-Mejnun“ dessanynda çölüň-düzüň haýwanlarynyň diline düşünýändigi üçin, Mejnunyň olar bilen dostlaşyp, şol haýwanlaryň arasynda ýaşamagy, ýa-da bolmasa, türkmen halkynyň ene diliniň milligini, aýratynlyklaryny bir kitaba jemläp, onuň ýiteňkirlemegine, çeperçilik öwüşgininiň sönmezligine böwet bolan, dilimiziň hemişe parlak ýyldyzy hökmünde ýagty saçmagyna öz täsirini ýetiren gymmatlyklarymyzyň biri bolan „Görogly“ eposynda erenleriň Göroglynyň düýşüne girip „ O dünýe – bu dünýe näme göwün maksadyň bolsa bizden dile“ diýenlerinde, ”Meniň dilegimi berseňiz : atyma, özüme ýüz ýigrimi ýaş beriň, atyma, özüme ýüz ýigrimi ýerimden ýara düşse, ýyldyz göremde gutulaýyn! Duşman eline düşsem, tiz gutulaýyn! Ýene dilesem, ýetmiş iki dili göwnüme aýan ediň!“ diýip, soramagy baradaky döredilen sýužetler ýöne bir hyýaly zat bolman , eýsem köp dil bilmäge çagyryşdyr. Eposda batyr ýigidiň ahyrýet göwher imany bolan dilleri bilmekligini soramagy ýöne ýere däl. Ol baýlyk-da , eşretli durmuş -da, hatda dowamatynynyň dowam bolmagy üçin perzent-de dilemeýär. Çünki baýlyk iru-giç tükenýär , ony her kes ogurlap hem, alybam biler. Bu babatda Görogly „ Baýlyk el kiridir ýuwulsa gider“ diýen tymsala gulluk eden bolmagy hem ähtimal. Perzent babatynda aýdylanda bolsa, Görogly ony iň soňunda diläp, ýatdan çykaranyna gynanýar, şeýle-de bolsa onuň dünýäniň dürli künjegindäki ilatlaryň dillerine düşünmegi , onuň keseki halklar bilen dostlaşyp, dogan okaşmagyna, hatda perzentli bolmagyna-da getirýär. Mundan başga-da Göroglynyň 72 dil bilmegi onuň çet ýurtlaryň wekilleri bilen uruş-söwüşsiz düşünişmegine giň mümkinçilik döredipdir.Çünki haýsy bir halkyň ene dilinde gürläp bilýän adam şol halkyň wekili bilen, dil bilmeýäne seredeniňde, çalt düşünişýär, ysnyşýar, dostlaşýar. Bu babatda türkmen Eflatuny Magtymguly Pyragynyň : „Munus ( dost ,mähriban) bolar dilin bilseň wagşynyň“ diýip ýazmasy ýöne ýere däldir. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da onuň düşünjesi artýar, pikiri baýlaşýar. Şeýle adamlar öz pikirlerini logiki taýdan yzygider beýan etmegi hem gowy başarýarlar. Dostlukly aragatnaşyk saklamak üçin dil bilmeli. Dil bilmek üçin bolsa mümkinçilik bolmaly. Häzirki Berkarar döwletimziň bagtyýarlyk döwründe Göroglynyň dil bilmeklikdäki dilegi her bir türkmen üçin hasyl bolýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hoşniýetli goňşuçylyk , özara bähbitli hyzmatdaşlyk , dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklige , şol sanda-da ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň zehinli, sagdyn pikirli, watansöýer, ukyply bolup ýetişmeklerine dünýä ülüňlerine laýyk gelýän bilim almaklaryna aýratyn uly üns berilýär. daşary ýurtlara okap, bilim almaga giden ýaşlarymyzyň sany barmak basyp sanardan kän. Şeýle-de her ýylda halkara olimpiadalarynyň geçirilip durmagy keseki halklar bilen dostlukly aragatnaşyk saklamagymyza, giň dünýägaraýyşly ýaşlarymyzyň kemala gelmegine giň mümkinçilik döredilýär. Goý, Dessanlardaky “Bagy Eremi” ýada salýan Güneşli ülkämizde elmydama parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk höküm sürsün!

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir