"Gabanýañ" diýýärsiñ, ýeri, nädeýin, Aýt, alajym näme, o:t alsa içim?! Görküñe aşykka ençeme gözler, Ýeri, seni gabanmaýyn näm üçin? Seni özgäñ arzuwyndan gabanýan, Çüwäýmesin diýip birden oñ bagty. Diñe ukudakam dynjym alýan men, Dünýäñem ses-üýnsüz dem alýan wagty. Şemaldan gysganýan iñrik saçyñy, Seni özüñdenem gysganyp söýýän. Ýürekde howr alýan mährimi berip ýetişmerin öýdüp, gyssanyp söýýän. Garaz, ynjalmak ýok, dynjam almak ýok, Ykbal saña bolan söýgim haklasyn! "Gabanýañ" diýme sen, garaja gözlim, Gabançsyz söýgiden Hudaý saklasyn! Sapa HOMMADOW

Köneler, Friendship tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir