Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde degişli Kanun esasynda çilim çekmek gadagan edilendir. Munuň özi jemgyýet üçin örän peýdaly ýagdaýdyr. Çilimiň düzüminde adam saglygyna zyýanly maddalar bardyr. Her çilimiň düzümindäki takmynan 6-8 milligram nikotiniň 3-4 milligramynyň gana düşýändigi subut edildi. Çekilen 1 çilimiň tüssesi 0,5 grama deňdir. Diýmek 20 çilimiň tüssesinde 0,032 gram, göwrümi boýunça 0,15-den 0,46 göterime çenli bolan amiak bardyr. Olar agyz boşlugynyň burnuň, bokurdagyň, gyzylödegiň, bronhlaryň nemli bardalaryny gamaşdyrýar. 20 çilimiň tüssesinde bar bolan 396 ml mukdardaky ýa-da 5 göterim göwrümli kömürturşy gazy (uglerodyň okisi) adam bedeniniň dürli agzalaryna gan üsti bilen barýan kislorodyň işini bökdeýär. Çilim çekilende emele gelýän benzopirin, radioktiw izotoplar dürli çiş kesellerini emele getirýär. Olaryň içinde iň howplusy güýçli konserogen täsirli poloniý - 210 izotopydyr. Her günde bir gap çilim çekýän adam çilimiň düzümindäki poloniden radiasiýadan goranmak hakyndaky halkara ylalaşyklarda kabul edilen ölçegden 3,5 esse köp doza radiasiýa şöhlesini alýar. Aýratyn hem, çilimiň ahyryndaky tüsse has-da zyýanlydyr. Ol öz düzüminde uglerodyň okisini 5 gezek, benzopirini 4 gezek, nikotini we smolany 3, ammiagy 46 esse we beýleki zäherli maddalary köp saklaýar. Temmäki tüssesini dem almak üçin zyýansyzlandyrmak üçin ony 384000 gezek arassa howa bilen garmaly. Onuň zäherliliginiň umumy görkezijisi awtoulagyň çykarýan gazyndan 4,25 esse, gaz enjamlarynyň ojagynda işleýän gazdan 248 gezek, adamyň dem alýan howasyndaky bar bolan toksiki elementlerinden 1100 esse ýokarydyr. Çilim erkek adamlarda 7, aýallarda 3 görnüşli rak keselini döredýän çişme bolup biler. Temmäki çekmek bilen diňe öýken çişi däl, adamyň dodagynda, agyz boşlugynda, gyzylödeginde (çiş) rak keseli döräp bilýär. Inçekesel bilen kesellänleriň sany çilim çekýänleriň arasynda çekmeýänlerden iki esse köpdür. Uly ýaşlylaryň inçekesel bilen kesellänleriniň 95 göterimi çilim çekýänlerdir. Öýken çişi bilen kesellemek mümkinçiligi her gün 2 gap çilim çekýänlerde çilim çekmeýänlerden 20 esse ýokarylygy subut edilendir. Bu kesel bilen kesellänleriň 90 göterimi çilim çekýänlerdir. Adamlaryň arasynda, hamana, müşdük bilen çilim çekseň, saglyga howpunyň ýokdugy baradaky ýalňyş pikir bar. Müşdük bilen çekilen çilim dodakda we gyzylödekde çiş keselini emele getirip bilýär. Çilim öz düzüminde şepbigi iň köp saklaýan hasaplanýar. Çilim hem beýleki neşe serişdeleri ýaly wagtlaýyn «lezzeti» berýän, beýniniň işini «durlaýan» ýaly bolsa-da, ony çekýän diňe öz saglygyna zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem daş töweregindäkileriň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär. Aýratyn hem, göwreli zenanlara täsiri güýçlüdir. Gan arkaly neşe serişdesi enäniň göwresindäki çagany zäherleýär. Eger-de, çilim çekmegi taşlan adam iň soňky çilimini çekenden 20 minut wagt geçenden soň arterial gan basyşy, ýüreginiň işi kadalaşar. 8 sagat geçenden soň ganyň düzüminde kislorodyň mukdary kadalaşýar. Iki gije-gündiz geçenden soňra tagam bilşi we ys alşy güýçlener. Çilim çekmegi taşlan adamyň derisiniň reňki bir hepde-de gowulaşyp, deriden, saçdan hem-de dem alanynda gelýän ýakymsyz ys doly aýrylar. Bir aýdan soň kelle agyry, üsgülewük bimaza etmez, dem alyş ýeňilleşer, alty aý geçenden soň bolsa sport görkezijisi ep-esli derejede gowulaşar, ruhy belent bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi ýurtda ynsan saglygy baradaky aladanyň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasy boldy. Bu Meýilnama il arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmagy, wagyz - nesihat işlerini güýçlendirmegi, ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemegi, adam saglygyna uly zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy aýgytly göreşmegi, temmäki önümlerini ulanýan raýatlaryň saglygyny dikeltmegi göz öňünde tutýandygy üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir