Ak mermer lybasa beslenen  paýtagtymyz bu günki gün  diňe  bir ildeşlerimizi buýsandyrman,   eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Aşgabat diýlende,  belentden-belent ajaýyp binaly, bagy-bossanlyga, gülzarlyga, suw çüwdürimleriniň mukamy bilen gurşalan tämiz şaýolly ak mermerli şäherimiz göz öňüňde janlanýar.Kalbymyzyň buýsanjy, guwanjy bolan, Orta Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherim z Aşgabat gözlerimiziň alnynda gün-günden gülleýär, gül açýar.  Ajaýyp zamanada   ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Aşgabat hemmetaraplaýyn tanalmaz derejede özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda  medeni-durmuş, önümçilik, ylym-bilim maksatly örän wajyp desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle-de  ýakynda ulanylmaga beriljek gurluşyklaryň  barmak basyp sanardan köpdügi  Aşgabadyň arzuwlaryň wysal bolýan şäherine öwrülendigine şaýatlyk edýär. 
Biz talyp ýaşlar täsin görke eýe bolan ak şäherimizde , ähli amatltykary bolan okuw binalarda okap bilim alýandygymyza diýseň begenýäris, buýsanýarys.  Biz talyp ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan arassa, ýagty  otaglarda okap, bilim almagymyz, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana wepaly, ruhubelent, maksadokgunly, zähmetsöýer, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän ýiti zehinli, başarjaň ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin irginsiz aladalar edilýär. Watanymyzyň geljegi bolan biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyz  üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde täze gurlan bilim-terbiýe, ylym ojaklarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary, okatmagyň iň häzirki zaman usullary  ornaşdyrylýar. Öňden bar bolan ylym-bilim ojaklarynyň hem durky täzelenip, döwrebap enjamlaşdyrylýar.  
Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde ýerleşýän  ýurdumyzyň iň bir baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň  okuw binasy-da bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Gurlup ulanylmaga berlen  okuw  binalarymyzyň ählisi  interaktiw multimediýa tehnologiýalary bilen  enjamlaşdyrylan.  Bar bolan häzirki zaman okuw otaglary, netijeli ylmy-barlaglary geçirmek üçin niýetlenen tejribehanalarymyz , baý kitaphanalarymyz, şeýle-de olaryň elektron nusgalary  biz talyplara alýan bilimlerimizi çuňlaşdyrmaga, dünýägaraýşymyzy has-da giňeltmäge uly ýardam  berýär.  
25—nji maý ýurdumyzda  Mermer şäherimiz Aşgabadyň güni diýlip bellenilýär. Külli türkmen halkymyzy  dünýäniň iň gözel şaherleriniň biri bolan , özüniň haýran galdyryjy ajaýyplyklary bilen ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen  paýtagtymyz Aşgabadyň güni bilen gutlaýaryn. Göreňde gözüňi gamaşdyryjy  mermer şäherimiziň at-abraýy dowamat dowam bolsun. Ähliňiziň baýramyňyz gutly mübärek bolsun!
Aşgabatda bagtly talyplyk
- 
                ruqaya
                11 years ago
                
 super :)
Raimend 11 years ago- Yokary okuw jaylarynd tölegli(kontrkt) bölümler hachan acyljak?gysgaca maglumat berayseñiz!