-I- Sahnada ýurduň hökümdary tagtyrowanda uzak oýa batyp otyr. Onuň sag hem-de sol tarapynda iki sany hyzmatkär elleri ýelpewaçly, hökümdaryň ýüzüni ýelpäp dur. Tansçy gyzlar towlanyp tans edýärler. Hökümdar birh aýukdan ukudan oýanan ýaly, üm bilen gyzlaryň tans etmesini bes etmegini talap etdi. Ol elini çarpan dessine baş wezir: - Lepbeý hökümdarym, buýruň! - diýip, onuň gaşynda baş egýär. Hökümdar : - Türkmende il arasynda meşhur, mertebesi pygamber derejesine göterilen bir şahyr döräpdir diýýärler. Hut şonuň üçin ony görmek isleýän. Ol barada bilýänleriňi mälim et. Baş wezir: - Elbetde, hökümdarym, Siz bir köpi gören ynsan. Siz ony gep uruşyndan dessine tanarsyňyz. Ýöne meň pikirimi sorasaňyz ol bir akyly çaşan derwüş. Hökümdar : - Derwüş, akyly çaşan?- (Hökümdar kiçijik gözlerini mekirlik bilen güldürip, gapdalynda ýatan kagyzlara elini uzadýar). - Siz bulary okadyňyzmy? Baş wezir: - Hawa okadym, hökümdarym. Hökümdar : - Hymm..., - diýip, elindäki kagyzy okap başlady. Ýomut, gökleň tagsyp edip özünden, Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez; Sygmaý çykdy desdi-sähra düzünden, Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez. Garga salsaň, tugun bile depişer, Haýbatyndan daglar-daşlar gapyşar, Öli turup, dirilere ýapyşar, Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez. Üç müň naýzabaşy bardyr nökerden, Tört müň pildary bar, gala ýykardan, Teke, salyr ýöriş etse ýokardan, Öňünde oý-çukur, ili bilinmez. - hökümdar goşgynyň yzyny dowam etmekden saklanyp: - Derwüşde beýle akyl-huş bolmaz. Nökerleri ýolla-da derhal , ony huzuryma getir -diýdi. Baş wezir: - Bolýa, hökümdarym, edil aýdyşyňyz ýaly bolar - diýip, baş egip götdinjekläp gidýär. -II- Egin - eşigi sal-sal bir goja elindäki çopan taýagyny dutar edip Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýdyp otyr. Onuň ýanyna gelip saklanan gaýry ýurduň nökeri, goja aýdymyny tamamlaýança ony makullap diňläp otyrýar. Goja aýdymyny tamamlan dessine ol: - Salawmaleýkum ýaşuly - diýip, iki elini uzdayp görüşýär. Goja: - Amanlykmy-saglykmy? - diýip, hal-ahwal soraşýar. Nöker: -Ýaşuly, bu goýun sürüsi kimiňki? Goja: - Garypda süri bolmaz, bular baýyň sürüleri. Men bir çopan. Nöker: - Şeý diýsene - diýip, içini hümledýär. Goja: - Ýeri myhman ugur hanjak? Nöker: - Men Magtymguly şahyry yzarlap öýüne bardym welin, ony dagda diýdiler. Goja: - Şahyry gözleýän bolsaň, hol öňüňdäki dagdan geç. Şol ýerde şahyr Haky çagyryp hylwatda Allatagala bilen ikiçäk söhbet edýändir. Nöker: - Şeýlemi, gaty bir uzakda däl eken, sag boluň! - diýip, goja bilen hoşlaşýar. (Dutaryň owazy ýaňlanyp dur) Magtymguly ýanynda horjuny, açyk meýdanda oturyp, elinde düýrme kagyzy hem-de galamy. Ol bir zatlar ýazyşdyrýar. Uzaklara nazaryny dikip ýazan goşgusyny okaýar. Jeýhun bilen bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül gunçasy gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň. Al-ýaşyl büräp çykar perisi, Kükreýip bark urar anbaryň ysy, Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, Görogly gardaşy, serhoşdyr seri. Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri Alabilmez, ýolbars ogly türkmeniň. Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn erär, topraklar-daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz, Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz, Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez, Magtymguly sözlär tili türkmeniň. Şol mahal häki nöker gelip: - Essalawmaleýkum, şahyr aga! - diýip, salam berýär. Magtymguly: - Waleýkum, goç ogul gel-geç - diýip, onuň bilen gadyrly salamlaşýar. Nöker: - Agam men hyzmatlyja geldim. Magtymguly: - Şeýlemi, habaryň bolsa aýdyp otur. Nöker: - Habarymy aýtsam, agam Sizi ýurduň hökümdary öz huzuryna çagyrýar. Magtymguly: -Kim? Hökümdar! Hä-ä ..., şeýlemi, hökümdar çagyrýar diýsene. - diýip, uzak oýa batýar. Nöker: - Agam, gaty görmäň, biz bir ýumuş oglany. Magtymguly: - Düşünýän, düşünýän, häzir - diýip, düýrme kagyzyny hem-de birki sany kitabyny horjunyň bir gözüne salyşdyryp durşuna, - Watanyň topragyndan bir gysym gumy düwüngeçe dolap alaýyn - diýip, bir gysym gumy elýalyga düwüp horjunyň beýleki gözüne salýar. Nöker: - Bir gysym gumy almakdan onuň hikmeti nedir? - diýip, bilesigelijilik bilen soraýar. Magtymguly: - Göräýmäge bir gysym gum ýalydyr welin, onda hikmet gaty kändir. Ol teberrikdir. Elgaraz uzyn sözüň gysgasy, bu bir gysym mukaddes toprak, ýat ýerlerde hem ynsana medetdir. Ol nirede gezseň hem saňa öz watanyň hoştap ysyny bagş eder, seni goldar. Ýör, gitdik “Ýolagçy ýolda ýagşy“ diýipdirler. -III- Sahnada hökümdar öz tagytrowanynda gyzlaryň tans edişine tomaşa edip otyr. Şol wagt wezir içerik girýär, ol saz tamamlanan dessine baş egip: - Hökümdarym! Şahyr , daş işikde garaşyp dur. Buýruň huzuryňyza başlaýyn -diýýär. Hökümdar: - Getiriň, çaý-şirinlik hem taýynlaň-diýip, buýurýar. Salym geçmän Magtymguly içerik girýär.Ol giren ýerinde aýak çekip, bir hökümdara, bir-de wezire dykgatly garaýar. Soňra çala baş atyp: - Salawmaleýkum - diýip, olara umumylykda salam berýär. Hökümdar mylaýymlyk bilen: - Amanlykmy, saglykmy? - diýip,Magtymgulynyň salamyny alýar. Goşa goluny uzadyp, onuň bilen görüşýär we sypaýçylyk bilen, - Geç otur, ornaşyň - diýip, törden ýer görkezýär. Emma Magtymguly egnindäki horjuny ýere ýazyp, şonuň üstünde oturýar. Hökümdar: - Myhman men sizi hormatlap, derejeli orna mürähet etdim welin, horjunyň üstünde oturmaň näme? Muňa nähili düşünmeli? Magtymguly: - Bu horjunyň içinde öz Watanymyň mukaddes topragy bar. Nirede gezsem-de, şonuň üstünde oturmagy özüme uly mertebe bilýärin. Uzaklara gitsem onuň gysym gumuny ýanymda göterýärin. Ýurduma dolanyp barsam-da, onuň gaşynda baş egip mukaddes topragyma, eziz Watanyma tagzym edýärin. Owaly bilen, sahawat-keremiň egsilmez çeşmesi bolan türkmen topragynda doglanyma şükür edýärin. Çünki, Allatagalanyň ýalkawy, biribaryň hoşnut nazaray düşen türkmen topragyna hernäçe buýsansaň-da, hyzmat etseň-de az. Onuň her-bir ziresinde özbaşdak döwletliligi we bir bitewi milletliligi hem-de agzybirligi şonuň ýaly-da asudalygy iň esasy-da bir başa uýup ýaşamagy arzuw eden ata-babalarymyzyň yhlasy bar. Hökümdar: - Şahyr sen edil meniň içimdäkini bilen ýaly, söhbete başlamazdan burun, asyl turuwbaşdan oňaraýdyň. Dabarasy dag aşan waspyňy eşdip, meniň seni öz huzuryma çagyrmakdan asyl maksadym seni Köşk şahyry edip, öz ýanymda alyp galmakdan ybaratdy... Magtymguly: - Sylag-hormatyňyz üçin sag boluň. Gönümelligim üçin bagyşlaň welin, ýöne ilçilikde, “Ýat ýerde han bolaňdan öz iliňde geda bol“ diýilýän nakyl bar. Hökümdar: - “Garnyň doýan ýeri watan” - hem diýilýän ýeri bardyr. Magtymguly: - Biziň ilde “Towşana dogduk depe“ - diýýärler. Galyberse-de, Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma; -diýip, şahyr söhbetdeşligi dartgynly ýagadaýa getirmejek bolup goşgynyň yzyny aýtmakdan saklanýar. Hökümdar: -Şahyr, näme sägindiň? Bolanyna görä yzyny-da dowam et. “Dile geldi, bile geldi“ diýipdirler. Özüňden egsik bir gaýry namardyň Hyzmatynda gulluk ediji bolma.-dowamy şeýle gerek? Magtymguly : - “Dogry sözüň dosty kem“ diýipdirler. “Ilinden aýra düşen, ah urar ili gözlär”, “Ýat ýerlerde mysapyrlyk çekenden, ursa-sögse, horlasa-da il ýagşy”. Hökümdar: - Hmm...! Diýmek, seniň bilen onda söwdamyz paşjak däl-dä? Şeýle gerek? Magtymguly: -Men parasatly sözlerden kyrk depder doldurdym, emma ondan peýda görmedim. Ol kitaplardan kyrk pikiri saýlap aldym, emma ne bähbidini, ne-de peýdasyny tapdym. Soň olardanam bary-ýogy dört sany pikiri saýlap aldym we gözlän zadymy tapyp köňlüme saldym ýigit öler ýurt üstünde, Janyn berer ar üstünde, Goç ýigitler il üstünde Namys bilen ar gerekdir. Hökümdar: - Akyl kesişiň erbet däl. Milletiň türkmenligini bilýärin. Häliden bäri , “Şahyr“ - diýip, ýüzlenip otyryn, munça bolanyna görä adyňy-da bilip goýan ýagşy. Adyňa kim diýerler. Ýaz geler, wagt-da geçer, gaflatda galmyş gözlerim Açaýyn diýsem açylmaz ne agyr uýkulydyr Bilmen soranlara aýdyň bu garyp adymyz Asly Gekez, ýurdy Etrek ady Magtymgulydyr. Hökümdar: - Men ylymly-bilimli, parasatly adamlara aýratyn hormat goýýaryn. Olary öz töweregimde jemlemek isleýärin. Haýp, bilbili kapasada saklap, mejbury ýagdaýda saýradyp bolmaz. Göwün islemese, köňül eglenmez. Onda Magtymguly şahyr, söhbedi bitdi hasap edeli. Oňat gürleşdik, tanyşdyk. Indi siz boş halan ugruňyza gidip bilersiňiz. Şahyry ýola salyň diýip, baş wezirine ümledi. Magtymguly agraslyk bilen hoşlaşyp, gep-gürrüňsiz çykyp gidýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir