„Dem bilen deň zat, demdenem öň gerek zat, ol aýal maşgalanyň edebidir. Edepden öňe hiç zat geçmeli däldir. Edeplilik bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr“ - diýilişi ýaly dünýä edebiýatynyň hazynasynda geçmişde köşk aristokratiýasynyň terbiýesini alan, akyllylykda, owadanlykda, edep-ekramlylykda, deňsiz-taýsyz bolan Oguz gözelleri hakyndaky halk döredijiligine ýygy - ýygydan duşmak bolýar. Gözellikde bir - birini gaýtalamaýan ajаýyp ymaratlaryň gurluşygy, hut şol döwrüň gelin - gyzlarynyň ýolbaşçylygynda, olaryň özleri tarapyndan bina edilipdir. Muňa Köneürgençde bina edilen Törebeg - hanymyň köşginiň delilinde hem göz ýetirmek mümkin. Ýerli ilat häli - häzire çenli ony Törebeg - hanymyň ýadygärligi ýa - da köşgi diýip atlandyrýarlar. Taryhdan mälim bolşuna görä gelin-gyzlaryň atlary bilen baglanşykly medreseler, galalar gadymy Türkmenistanyň sebitlerinde az bolmandyr. Olardan Şasenem galasy, Akja gelin, Kyrk gyz we başgada birnäçe galalary aýtmak bolar Orta Aziýa halklarynyň giçki orta asyrlaryndaky tanymal şahslaryndan biri bolan taryhçy alym, ezber häkim hem Hywa hany Abulgazy Bahadyr hanyň (1603-1664 ýý.) „Türkmeniň nesil daragty“ (1960 ý.) atly meşhur eserinde: „Türkmeniň taryhyny bilýän ýagşylary hem bagşylary aýdýarlar: ýedi gyz ähli oguz illerini öz agzyna garadyp, köp ýyllap beglik etdiler. Olaryň birisi Altyn Gözgüdir. Ol Sundun baýyň gyzy bolup, Salyr Gazan alpyň aýaly. Boýy uzyn bolupdyr. Ikinjisi Karmyş baýyň gyzy we Mamyş begiň aýaly Barçyn Salyr. Onuň gabry Syr derýasynyň ýakasynda bolar we halk içinde meşhur. Özbekler oňa „Barçynyň Gök kaşanasy“ diýýärler. Nagyşlanan syrçaly örän owadan gümmezdir. Üçünjisi Kaýy baýyň gyzy hem Çawuldur Bala alpyň aýaly Şabaty hanymdyr. Dördünjisi Kondy baýyň gyzy Biýaken alpyň aýaly Günin görkli diýen gyzdy. Bäşinjisi Ýumak baýyň gyzy, Karkyn gonak alpyň aýaly, ýene - de bir Güniñ görklidi. Altynjysy Alp Arslanyň gyzy, Kestan Gara alpyň aýaly - Gerçe bolady hanymdy. Ýedinjisi bolsa Kynyk baýyň gyzy, Dodal baýyň ogly Kymajyň aýaly - Kugadly hanymdy“ diýilip, Oguz iline beglik eden ýedi sany Oguz gözelleriniň ady sanalyp geçilýär. Küçt-küt romanlaryň ýazylmagyna, iri göwrümli kino eserleriniň döremegine sebäp bolan taryhy wakalar geçmişde başgada az däl.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir