Ynsan hakykata göz ýetirip bilmese-de,ony irmän-arman gözlemegini dowam etdirýär. ********** Ylym diňe bir toplanan tassyk etmeler arkaly däl,eýsem,olary inkär etmegiň hasabynda-da ösýär. **************** Kimdigini aýdyp oturmaýyn welin,bir garry şahyr barada şeýle netijä gelmek mümkin: ol — şygryýeti söýmeýänleriň ählisiniň iň söýgüli şahyry. ******************* Sähelçe zady bilip hem,özüňi bilimdar hökmünde tanatmak mümkin.Ýöne şolar özgeleriň bilmeýän zady bolmaly. ******************** Şol bir kitaby gaýta-gaýta okamak gerek.Her gezek okanyňda täze zatlaryň üstünden barýan bolsaň,onda ol peýdaly kitapdyr. ********************* Diliň uzynlygy akylyň kelteliginiň alamatydyr. ******************* Wagtynda boýun alnan ýalňyş ýalňyşlyk däldir. ****************** Adam özi ýalylaryň arasynda gezip adam bolýar. ***************** Çagalaryň köne dessurlara höwesek bolmagy,geçmiş hakyndaky hekaýatlary söýmegi ýöne ýere däl.Bu — gowy hem örän möhüm duýgy. ***************** Özüňi geçmişiň mirasdüşeri hasaplamak geljegiň öňündäki jogapkärçiligiňi duýmakdyr. ************* Hiç hili gaýgy-hasratsyz durmuşa doly bahaly hasaplamak bolmaz.Beýle pikir etmek gowam däl welin,nätjek-dä ******************* Hiç kim hem hiç zat barada aladalanmaýan adamyň ömri boşdur.... ******************** Öz mal bakýan dagyndan juda seýrek düşüp gören ýa-da asla düşüp görmedik 110 ýaşly çopana:" Juda az ýaşapdyr" diýse bolar. **************** Intelligentlige sarpa goýmaýan millete ýok bolmak howpy abanýar. ******************* Körzehin öwretmäge,zehinli bolsa nusga görkezmäge çalyşýar. **************

Köneler, YlhamM tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir