Bir mama, baba we olaryň ogullary bile ýaşaýardylar.Olar özleriniň ýeke perzentlerini okadaslary gelýärdi.Ýöne hiç hili pullary bolmansoň, alaçsyzdylar. Günlerde bir gün baba ogluny şähere äkitdi.Hiç kim pulsuz okatmagy boýun almady.Baba öýüne gaýdyp gelip, birnäçe wagtlap aýaly bilen gam çekti.Soňra ýene-de ogluny şähere äkitdi.Şäherde olaryň öňünden bir nätanyş çykýar we baba ýüzlenip: -Näme gam çekýärsiň? -Nädip gam çekmäýin?! Ine, oglumy Aýlaýan-aýlaýan, ýöne hiç kim pulsuz okadanok. A pulum bolsa ýok! -Onda ony maňa ber, men oňa üç ýylyň içindeähli mekirligi öwrederin.Üç ýyldan soň,üç gün, şu sagat ogluň yzyndan gel.Eger möhletinde gelip, ogluňy tanasaň, ony yzyna alarsyň.Eger şertli ýerine ýetirmeseň, ogluňy maňa goýup gidersiň. Baba begenjinden ýaňa ol adamyň kimdigini, nirede ýaşaýadygyny, ogluna näme öwretjegini hem soramady.Ogluny oňa berdi we göwni hoş öýüne dolandy.Aýalyna bolan zatlary gürrüň berdi.Babanyň ogluny berip gaýdan nätanşy jadygöý bolup çykýar. Ine, üç ýyl hem geçdi.Baba bolsa haýsy gün ogluny okuwa berenini ýadyndan çykardy.Ogly kakasynyň gelmeli mähletinden bir gün guşa öwrülip öýüne geldi.Agaç öýleriniň düýbüni çüňki bilen kakdy.Şol pursat öňki durkuna dolanyp, öýlerine girdi.Kakasy bilen görüşenden soň, ertir üç ýyl möhletiň dolýandygyny, nirä gelmelidigini,ony nädip tanamalydygyny aýtdy. -Meniň hojaýynym diňe meni okadanok.Onuň menden başgada on bir sany şägirdi bar.Olaryň gul bolup galmagynyň sebäbi, ene-atalary olaryň yzyndan gelende olary tanamandyr. Eger sizem meni tanamasaňyz menem on ikinji bolup galaryn. Irden meniň yzymdan geleniňizde hojaýyn biziň on ikimizem ýelek bilen ýelegi, guýruk bilen guýrugy, kelle bilen kelläni gyradeň meňzeş edip, ak kepderi edip,uçurar.Şonda hemmämiz belende galarys, men hemmeden ýokara galaryn. Hojaýyn: Sen öz ogluňy tanadyňmy? diýende, sen ählisinden belentdäkini görkez. Soňra ol saňa oniki sany deň reňkli meňzeş taýçanaklary görkezer.Şol aýlaň ýanyndan geçeňde üns ber,men sag aýagym bilen ýeri deperin. Hojaýyn ýene:Sen öz ogluňy tanadyňmy? diýende, sen batyrgaýlyk bilen meni görkez. Soň saňa on iki sany boýma boý ,saçy,sesi, eşigi meňzeş gerçekleri görkezer.Ollaryň gapdalyndan geçeniňde üns ber, meniň sag ýaňagymda kiçi ýasama meň bardyr. Hojaýyn ýenede sorar: Sen ogluňy tanadyňmy? Sen meni görkez. Ähli zady gürrüň berenden soň, kakasy bilen hoşlaşyp, öýden çykdy. Daşara çykyp, jaýyň düýbine kakdy-da guşa öwrülip, uçup gitdi.Ir bilen baba hem oglunyň yzyndan ugrady. Jadygöý: Men seň ogluňa ähli mekirligi öwretdim.Eger ony tanamasaň, ony maňa ömürlik bermeli bolarsyň. Jadygöý on iki sany ýelegi-ýelekden, guýrugy-guýrukdan, kelläni-kelleden tapawutlandyryp bolmajak ak kepderileri uçuryp: -Öz ogluňy tana! -Nädip tanaýyn, olaryň ählisi meňzeş. Seretdi, seretdi haçanda bir kepderi ählisinden ýokary galanda görkezip: -Seret , şol meniňki! -Tanadyň, tanadyň baba! Soňra on iki sany bir meňzeş taý goýberdi.Baba taýlaň daşyndan aýlanyp durka jadygöý: -Hä, baba öz ogluňy tanadyňmy? -Ýok, az wagt garaş. Haçanda baba taýçanaklaň biriniň sag aýagy bilen ýeri depenini görende: -Tanadym , ine! -Tanadyň, tanadyň baba! Üçünji gezek on iki sany hemmesi bir enede ýaly meňzeş oglanlary çagyrdy. baba oglanlaryň ýanyndan geçende, bir gezek aýlandy ,hiç zat aňşyrmady, iki gezek hem şowsuz boldy, üçünji gezek bir oglanyň ýaňagynda siňek bar. -Garaş , garaş bu meniňki! - Bildiň, bildiň baba! jadygöý alaçsyz bolansoň, ogluny kakasyna berip goýberdi.Az ýörediler, köp ýörediler, öňlerinden bir baý adam barýar: Ogly: -Kaka, men häzirite öwrilerin. Sen meni sat, ýöne boýun bagymy satma.Boýun bagymy satsaň men gaýdyp gelmerin. Diýşi ýaly özüni ýere goýberdi, şol bada ite öwrüldi.Baý ýaňky itdenem boýunbagy gowy görüp, ite baha kesip başlaýar.Baý bir ýüz diýýär, baba üç ýüz. Uzak wagtlap çekeleşip ahyr iki ýüze razylaşyp, baba iti baýa satyp goýberýär. Baý iti aljak bolanda baba boýun bagy açmaga durýar. -Saklan! -Men boýun bag satamok, it satdym. Baý babany diňlemek hem islemeýär. -Kim iti satyn alan bolsa oýun bag hem şonuňky. Baba köp, pikirlenip, ahyr boýun bagy hem satmaly diýen netijä gelýär. Baba puly alyp, ýoluny dowam etdirýär.Baý iti alyp ýola rowana bolanda öňünden bir towşan ylgap barýar. Baý içinden iti goýberipiýip , onuň batyrlygymy göreýin diýip pikir edýär.it baýyň elinden boşan badyna towşanyň ters ugruna tarap ylgap başlady.It yzyna gaýdyp gelmedi.Ol alaçsyz ýagdaýda ýzýna hiç zatsyz gaýtmaly boldy. Oglan öňki durkuna öwrülip, kakasynyň yzyndan ugrady. Baba öýüne barşyna kempiri ogluny sorasa näme diýjekdigi barada oýlanýardy.Oňa çenli ýigit babaň yzyndan ýetdi. -Näme üçin meni boýun bagym bilen satdyňyz? Eger-de öňümizden towşan çykmadyk bolsa men atsyz-sorsuz ýitip giderdim. Ataly ogul öýlerine gaýdyp geldiler we parahat ýaşap başladylar.Günlerde bir gün hepdäniň dynç güni ogly kakasyna: _Kaka men guşa öwrileýin, sen meni sat.Emma kapasamy satmaň, satsaňyz men gaýdyp gelmerin. Oglan ýere özüni zyňdy we şol wagt guşa öwrüldi.Baba guşy kapasa saldy we bazara ökitdi. Hemmeler guşy bahalandyrmaga durdy.Şol wagt jadygöý peýda boldy we babany, guşy tanady.Ol ony satyn almaga durdy. Iller bir baha kesdi,jadygöý iki. Jadygöý hemmelerden köp pul hödürledi, baba guşy satdy emma kapasasyny bermedi.Jadygöý ençe sorasa-da baba kapasany satmady.Alaçsyz jadygöý guşy el ýaglygyna dolap,öýüne kakasasyz dolandy. Jadygöý öýe gelip,gyzyna: -Gyzym, men biziň mekirjämizi alyp geldim. -Niýrede ol? Ol el ýalygyny açyp görse guş ýok.Ýene bir bazar güni oglan kakasyna: -Kakajan! Men taýa öwrülerin, meni sat, ýöne boýun bagymy satma, satsaň men gaýdyp gelmerin. Oglan özüni ýere zyňdy we şol wagt taýa öwrüldi.Banba taýy bazara ökitdi. Bazarda hemmeler taýy satyn almaga durdy, jadygöý hemmelerden köp hödürledi.Baba taýy satdy, emma boýun bagyny bermedi. -Jadygöý baba: -Men nädip boýunbagsyz taýuy öýüme äkideýin?Iň bolmanda öýüme çenli ber, soň onuň maňa geregem ýok.Adamlaryň ählisi jadygöý bilen razylaşyp, kim taýy satyn alsa boýunbag hem şonuňky diýen netijä geldiler.Baba alaçsyz boýunbagy hem bermeli boldy. Jadygöý taýy öýüne getirdi we at ýatakda yzky aýaklaryna daýanyp duran ýagdaýda göwresinden belentde daňyp goýdy.Taýyň öňki iki aýagy ýere-de degenokdy. -Jadygöý ýene-de gyzyna: -Seret, men , bizň mekirjämizi ýene-de tutdum. -Hany ol? -Atýatakda. Gyzy ylgap, bardy-da,oglana nebsi agyryp onuň boýun bagyny gowşatmakçy boldy.Şol bada boýunbagdan sypynyp,gaçdy.Gyzy kakasynyň ýanyna gelip: -Kakajan, meni bagyşla, taý gaçdy. Jadygöý şol bada özüni ýere goýberdi we çal möjege öwrülip, taýyň yzyndan ylgady.Golaýlaşdy, ine, ine ýetýär... Taý deňze tarap ylgap, özüne ýere zyňdy we ýorş balygyna öwrülip, suwa jülpüldäp, girip gitdi.Möjek hem çüý balyga öwrülip, yzy bilen suwa girdi.Ýorş balygy ýüzüp, söwdagarleriň gyzlarynyň eşik ýuwup duran kenaryna golaýlady.Suwdan çykyp, özüni ýere goýberdi-de, altyn ýüzüge öwrülip, söwdagäriň gyzynyň aýak astyna düşdi. Söwdagäriň gyzy ýüzügi aldy-da, gizledi.Jadygöý adam sypatyna girip, gyza: -Meniň ýüzügimi ber! -Gyz ýüzügi ýere zyňyp: -Al! Şol bada ýüzük ýere däne bolup seçelenip gitdi.Jadygöý towuga öwrülip,däneleri çokmaga durdy.Däneleriň biri gyrga öwrüldi we towugy parçalady. . .

Köneler, TDUgulya tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir