Mynasyp nesli terbiýelemekde türkmeniň asylly däpleri, peder ýörelgeleri bahasyz hazynadyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda medeni mirasy öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halky öz beýik şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny uly dabara bilen garşylaýar. Döwrüň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri hökmünde bu şanly sene Berkarar döwletimiziň taryhynda mynasyp ornuny eýelär. Akyldar şahyrymyzyň ýubileýi mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýar. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly şygyr bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şygyr bäsleşigiň jemleýji tapgyrlaryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan her orta mekdepleriň, Aşgabat şäherinden we her welaýatdan orta mekdebiň iki mugallymy we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden ýeňiji talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik 3 şertden ybarat boldy. Birinji şerte laýyklykda bäsleşýänler Magtymguly Pyragynyň Watançylyk, rahy-ahlak temadan ýazan bir goşgusyny labyzly ýatdan aýdyp bermeli. Ikinji şertde bolsa gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýa-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän öz düzen goşgusy bilen çykyş etmeli. Bäsleşigiň ahyrky şertinde bolsa bäsleşige gatnaşýanlar emin agzalaryň teklip eden temasynda goşgy düzmeli. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Aknur Rozyýewa we Nurjemal Baýramowa degişlilikde birinji we ikinji orna mynasyp boldular. Üçünji orna bolsa Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Joraýewa Aksoltan mynasyp boldular.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir