Тürkmenistanda bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Ylym - bilim ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýady pugtalanýar.Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesliň çagalar baglaryndan başlap, orta we hünärment mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde täze gurlan bilim - terbiýe, ylym ojaklarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary, okatmagyň iň häzirki zaman usullary ornaşdyrylýar. Öňden bar bolan ylym - bilim ojaklarynyň hem durky täzelenip, döwrebap enjamlaşdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ençeme müňüsi daşary ýurtlarda ylym - bilim alýarlar. Тürkmenistanda häzirki zaman mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Bu mekdepleriň ýaşlara bilim bermek üçin zerur bolan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemegimiz gerek. Тürkmen ýaşlarynyň biliminiň dünýä gazananlaryndan pes bolmazlygy babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana wepaly, ruhubelent, maksadokgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän ýiti zehinli, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, olaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek endigini açyp görkezmek maksady bilen, biziň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetimizde hem dürli çäreler geçirilýär. Ýakynda uniwersitetimizde “Ýylyň talyby 2014” Döwlet bilim bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige uniwersitetimiziň ähli fakultetlerinden zehinli talyplaryň 30-a golaýy gatnaşdy. “Ýylyň talyby - 2014” Döwlet bilim bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyna laýyklykda, talyplaryň ukyp derejeleri talybyň halkara we ýurt möçberinde geçirilen ders bäsleşiklerine gatnaşyp , baýrakly orunlara eýe bolmagy, ylmy - döredijilik bäsleşiklerinde, ylmy maslahatlarda üstünlikli çykyş etmegi, gazet - žurnallarda we radio - telewideniýede yzygiderli çykyş etmegi, talybyň jemgyýetçilik guramalarynyň işine we köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmagy, medeniýet ugrunda dürli görnüşdäki bäsleşiklerde, duşuşyklarda çykyş etmegi we sport çärelerine işjeň gatnaşmagy ýaly işleri, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, türkmen dili, informatika we hasaplaýyş tehnikasy we iňlis dili dersleri boýunça bilim derejeleri we erkin tema boýunça çykyşlary bahalandyryldy. Netijede, üstünlikli çykyş eden talyplar ýeňiji diýlip yglan edildi. “Ýylyň talyby - 2014” Döwlet Bilim bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynda ýeňiji bolanlar, bu bäsleşigiň ýurt möçberinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji bolan talyplara Magtymguly adyndaky TDU tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.