Gözlerimiziň nury, umyt - arzuwlarymyzyň gaýmagy siňen nurana türkmen topragymyz bu günki günde ylym - bilimiň ýagty şöhlesi bilen barha ösýär, ilerleýär. Тüркменистанда ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym - bilim ulgamy güýçli depginde ösdürilýär. Ylym - bilim ulgamynda ösüşler, öňegidişlikler gazanylýaр. Тüркменистанда amala aşyrylýan ähli ugurlardaкы taryhy özgertmeler bilen ugurdaş ýurdumyzda ylыmy ösdürmäge täzeden badalga berildi. “Ylym ähli ösüşiň özenidir, hamyrmaýasydyr. Ylymsyz ýurduň durmuş - ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak asla mümkin däldir” - diýmek bilen, ýurdumyzda ylmyň ösüşindäki täze eýýamyň başlanandygyny dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine jar etdi. Häzirki wagtda bu ulgamyň ösdürilmegine has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Döwletimиzi öz aýdyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ähli şertleri döredýär. Тüркменистанда ýaşlaryň biliminiň dünýä gazananlaryndan pes bolmazlygy üçin irginsiz aladalar edýär. Мagtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiнde hem berkаrar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana wepaly, ruhubelent, maksadokgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän ýiti zehinli, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda jan aýaman zähmet çekilýär. Uniwersitetimizde talyplaryň ýokary derejede hünär, sowat öwrenmekleri üçin ähli amatlyklar döredilen. Häzirki zaman okuw, kompýuter otaglary, internet otaglary, kitaphanalar talyplaryň hyzmatynda. Talyplaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen ýörite “Gözleg” ylym - bilim merkezi hereket edýär. Тalyplar özleri hakda edilýän aladalara dogry düşünip, bu beýik ynamy ödemäge çalyşýarlar. Talyp ýaşlarymyz her ýylda geçirilýän döwlet derejesinde, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, ylmy işleriň, taslamalaryň şeýle-de dürli döredijilik bäsleşiklerine, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryna, gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly adyny uly buýsanç bilen göterýän unиwersitetimizde talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny hem netijeli geçirmekleri üçin köp mümkinçilikler döredilen. Talyplar uniwersitetimiziň 600 müňden gowrak kitap gory bolan kitaphananyň şeýle-de elektron kitaphananyň, internet ulgamynyň üsti bilen islendik pursatda özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap tapmagy başarýarlar, öz isleglerine görä çeper eserleri, ylmy kitaplary okamaga, akyldarlaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň döredijligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri bar. Uniwersitetimizde ýurdumyzyň belli ýazyjydyr, şahyrlary, žurnalistleri, alymlary bilen yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Daşary ýurt alymlary, şahyrlary hem gelip biziň bilen duşuşyp, öz gazanan tejribelerini öwredýärler. Mundan başga-da döredijilik bilen gyzyklanýan: goşgy, makala, oýlanma, hekaýa ýazýan talyplarymyz üçin ýörite “ Ylham” döredijilik topary hereket edýär. Тürkmenistanda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek barada taýsyz tagallary netijesinde biziň uniwersitetimizde hem talyplaryň diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem beden taýdan hem kämil, öňdebaryjy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin şertler döredilen. Uniwersitetimizde sport kluby talyplary, mugallymlaryň sport hem bedenterbiýe çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny guraýar. Yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, bäsleşikler geçirilýär, Saglyk ýoluna ýörişler guralýar. Umuman, biz talyplaryň okamagymyz, öwrenmegimiz, oňat dynç almаgymyz, sagdyn bolmagymyz üçin ähli şertler döredilen. Biz talyp ýaşlar özümiz üçin şeýle aladalar edilýän zamanada ýaşaýandygymyza çäksiz begenýäris.