Daňdanyň ak säherinde, Gürgenç galasyndan saýlanan iki sany atly, üsti ösüp oturan gür sazakly örküç-örküç çägesöw gum depelerini yzda goýup, ylla diýersiň uç-gyraksyz ýaýylyp ýatan giň Garagumyň bürgüdi kimin günorta-gündogar tarapa okdurylyp barýardy. Atlaryň biri dal bedew beýlekisi bolsa çat maňlaýyndaky ýarymaý şekilli, ak tegmili aýratyn ýaraşyk berýän tutuş şar gara reňkli bedewdi. Olaryň çapyp barýan atlarynyň badalgasy, nyzamy bütin adamzady aňk edýän, grek esgerleriniň merdana ädiminden-de aýgytly-dy. Dogursy ”Göwün-göwünden suw içer“ diýilişi ýaly, atlara şeýle aýgytlylygy bagyş edýän, at üstünde oturan gaýduwsyz eýeleridi. Elindäki jylawyň näderejede çekilmesinden hem-de gaýyş ädikleriň böwrüne kä çalaja, käte bolsa batly debsilemesinden ugur alýan düşbi atlar hat-da, üstündäki eýeleriniň ýürek urgusna çenli äşgär duýýardylar. Şonuň üçin-de, türkmen gerçekleriniň säher bilen ilki atasyna däl-de, atyna salam bermesi, olaryň bedew wepasyna bolan çäksiz hormatynyň aýdyň delilidir. Uly ýoldan oba barýan, atlydyr-pyýada gatnawyndan ýaňa berç bolan kiçijik ýoda sowulan ýaş Şazada halypasy edermen Timur Mäligiň maslahat bermegi bilen, welileriň welisi, diniň beýik ýyldyzy Ahmet ibn Omar Abuljennap şyh Nejimeddin al Kubranyň ak patasyny almak üçin, atyny Gürgenç şäheriniň dokuz kilometrlik günorta-gündogarynda ýerleşýän Saýat obasyna tarap sowdy. Keramatly piriň medresesine gelip atlarynyň başyny çeken wgtynda, piriň şägirtleriniň arasyndan iki sany ýaş ýetginjek ylgap gelip, baş egip salam berdi we olaryň atlaryny idip gazyga daňdy. Egni samyr derisinden tikilen içmekli, bili şalyk nyşany bolan lagly-jowahyr gylyç gysdyrylan kemerli, başy tylla bilen jäheklenen göwher gaşly kamary telpekli ýaşajyk Jelaleddin edep bilen salam berip, gapydan girende, eli tesbili Şyhy welitarş (Weli ýasaýan şyh) Nejimeddin Kubra, hat-da oturan ýerinden gobsunmaga-da maý bolmady. Beýik pire diňe iki elini uzadyp görüşen Şazadanyň elini çäksiz mähir-muhabbet bilen gysaýmak galdy. Soltanyň yz ýanyndan içeri giren Timur Mälik hem şyhulyslam bilen gadyrly görüşdi. Adaty saglyk-amanlykdan soň Timur Mälik: -Hezreti Pirim! Uzaga çeken söweş ýaşaýyşyň tagamyny, onuň many-mazmunyny gaçyrdy. Adamlar uruşdan ýaňa bez boldular. Özüňize mälim duşmanyň biri-birinden ýowuz sütemlerinden soň adamlar halys aljyradylar. Şu galagoply ýagdaýda Jelaleddin soltana-da ýurdy tagt üstünde däl-de, at üstünde dolandyrmak kysmaty täleýine ýazylandyr-da elbet. Şonuň üçin-de, watan üçin, ar-namys üçin ata atlanmazdan öň Sizden hem-ä döwletlilik hem-de gaýduwsyzlyk patasyny almak üçin säher bilen huzuryňyza geldik-diýip bu ýere gelmeginiň asyl maksadyny mälim etdi. Çuw ak gür gaşlaryny damarlak elleriniň aýasy bilen iki ýana çalaja serpen keramatly pir Jelaleddin Soltana hoşnutlyk bilen seretdi we Timur Mäligiň sözüniň üstüni ýetirip: -Ýaşaýyş döräp, ummasyz mal-u dünýe we egsimez baýlyk hem-de uç-gyraksyz hökümdarlyk ugrunda, bu gara ýeriň üstünde bolup geçen ownukly-irili uruşlaryň takyk sanyny ýekeje-de sene ýazyjysy dürs aýdyp bilmese gerek. Özara bähbit arap adam ähliniň jan şährine talaň salmak öňde-soňda oňlanýan zat däl welin, nätjek, bu-da meger ynsan kysmatynyň täleýinde bar bolan ýene-de bir ýazgyt bolsa gerek. Heý, pelek! Heýhat pelek! – diýip, pir elindäki tesbiniň monjuklaryny özi duýmazdan ýeke-ýekeden çalt-çalt süýşürip ugrady. Şeýtmek bilen keramatly pir göýä diýersiň heýhatly günleriň tiz geçmegini çaltlaşdyrýan ýalydy. Az salym bir nokada gözüni dikip oturan pir ýene-de sözüni lazym bilen dowam etdi. -Soltanym, janalgyç ezraýyl bolup, adamlaryň, negözel galalaryň kasdyna çykan bu aýlyganç söweşde halk Seniň merdana ogullyk kömegiňe mätäç. Ynsan bendeleriniň dumly-duşa elemtas bolup, aljyran aklyny, bir maksada gуlluk etdirmek, gapyl galan gözlerini açmak Seniň takdyryňda bar. Olara baş bolup, halka akylly-başly ýol görkezseň, halk Seni goldaram, Seniň yzyňa-da eýerer. Al-asmana burum-burum bolup towlanyp barýan, gara ýeriň üstünde ýuwdarha deý ähli zady holtumyna dolap barýan boýny ýogyn urşuň kellesinden çapmaly - diýende, ýaş Şazadanyň dogumly gözleri uçganaklap, berdaşly ýumrugy mäkäm ýumuldy. Onuň bu ahwaly, köpi gören Halatly piriň nazaryndan sypmady. Pir ýere bakanda, gür gaşlary gözüniň üstüni örtdi. Göýä diýersiň gözlerini ýumup, geljegiň wakalaryny aýan görýän deýin, pir ýene-de sözüni dowam etdirdi. -Seniň öňüňde edermenlik hem-de merdanalyk ýolunyň giňişligi uzap ýatyr. Ol ýol Seni ykbalyň kä şowly, käte-de hatarly girdabyna oklar. Hokgabazyň oýny ýaly takdyryň ähli ýowuz oýunlaryna her pursatda taýar bolmalysyň. Sen atabeglik mekdebinde kemsiz bilim aldyň. Älemi sarsdyryjynyň, şöhratly Isgender Zülkarnaýyň söweş tilsimatyny öwran-öwran okadyň. Ataň, Horezm Şasy Tekeş hökümdaryň ýanynda bolup, birnäçe harby ýörişlere gatnaşdyň. Duşmany ýeňmek üçin diňe gaýduwsyzlyk ýeterlik däldir. Şuny bek belle, hemişe-de uly güýçden kiçi güýji halas edýän akyl-paýhasdyr. Öňüňde beýik maksat goý. Şol maksadyň beýanyny, ömrüň manyly mazmunyna öwür. Maksadyň ahyrky netijesi, soňky çözgüdi il-ýurduň bahbidi bilen rowaçlanan çagy, Seniň hem ömür daragtyň uzak-uzak menzillere özüniň rehmet şuglasyny saçar. Şonuň üçin-de, Sen adamlaryň kalbyna çäksiz ynam, egsimez güýç-gaýrat bolup dolmalysyň-diýip, weliler welisi gök çaýdan birki owurtlap, täzeden demlenip getirilen çäýnekleriň birini Jelaleddin Soltanyň beýlekisini serkerde Timur Mäligiň öňüne has golaýyrak süýşürip, ak bugdaýdan bişirilen gyzgyn çöregi uzadyp, olara mürähet etdi we: -Biler bolsaňyz, orta asyrlarda Gündogaryň medeni merkezi bolan-Merwiň soltanlyk köşgünde Ymam Şemseddin Abu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Bişr Haraky Merweziniň älemşynaslyk ylmyna degişli bolan “Ýyldyzlar kitabynyň” “Ýyldyzlaryň doguşynyň we batyşynyň beýany” diýen bölüminde şeýle diýilýär - ”Doguş-ýyldyzlaryň säherlerde gündogar tarapda, batyşy we olaryň gijelerde günbatar taraplarda görünmekleridir. Doguş hem batyş hem beýik derejeli ýyldyzlarda göneliş halynda bolýar. Batyş ýyldyzlaryň aýlanyş pelekleriniň dik asmanlaryna ýetmezlerinden öň, doguş bolsa ýyldyzlaryň dik asmanlary bilen aýrylyşanlaryndan soň bolup geçýär. Munuň özi Günüň ýokary derejeli ýyldyzlardan çalt hereket edýänligi sebäplidir. Eger ýyldyzlaryň biri öňündäki ýyldyza yzygiderlilige laýyk hereket bilen golaýlaşsa, onda ol Günden öň dogar we säherlerde gündogar tarapda görner. Beýle ýyldyz “Gündogar ýyldyzy” diýlip atlandyrylýar. ”diýjek bolýanym, Sen türkmeniň ykbal asmanynda “Gündogar ýyldyzy” bolup ýol görkezmeli-diýip, pir sözüne dyngy berdi. Ençeme söwelerde taplanan serkerde Timur Mälik piriň bir pursat säginmesinden peýdalanyp: -Hak aýdýaňyz Pirim! Watanyň köki toprakda. Bu mukaddes topragy biziň her birimiz janymyz-tenimiz bilen goramaly. Oturan ýerinden çala gobsunan pir, elindäki tesbiniň monuklaryny adaty endigine görä, ýeke-ýekeden süýşürip oturşyna ýene-de sözüni dowam etdi. - Dogry, miwe eçiýän agaçlaryň-da, bol hasyl getirýän ekinleriň-de, ählisiniň köki toprakdadyr. Watansyz göwre diri jesetdir. Watanyň köki toprakda bolsa, örki milletdedir. Şonuň üçin-de, bu apatdan milleti sag-aman alyp çykmaly. Müddetimiz dolanda, biz hem öleris. Ýöne bizden soň watanam, milletem ýaşamaly. Wagt geler, beýik galkynyşlardan galkyp şeýle bir zamana geler. Bizi hakydasynda hatyralaýan nesiller, hormatymyza bakylyk heýkelini oturdarlar. Şeýdibem, bize ikinji ömri bagyş ederler-diýip, keramatly pir elleriniň aýasyny giňden açyp, türkmen ykbalynyň göterilmeginiň hatyrasyna uzyndan-uzyn edip, haýr dogasyny okap, mirasdüşer Jelaleddin soltana döwletlilik hem-de gaýduwsyzlyk patasyny berdi. Keramatly pir, Ahmet ibn Omar Abuljennap şyh Nejimeddin al Kubra bilen hoşlaşyp atlarynyň ýüzini uly ýola öwürende, hamana diýersiň piriň beren haýr dogasyna rowaçlyk bagyş edýän deýin, gündogardan öwüsýän adaja şemal mylaýym ýaz ýakymy bilen olaryň aýgytly ädimini alkyşlady.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir