Hezreti Ebu Bekir Syddyk razyallahu anhunyň (Allahu Tagala ondan razy bolsun) eden nesihatlarydyr. Hezreti Ebu Bekiriň eden wesetleri we nesihatlary kändir, ýöne biz şolaryň içinden on ýedi weseti saýladyk: 1.Özüňe gabyr däl-de, özüňi gabra (ölüme) taýynla. 2.Gabyra taýýarlyksyz giren adam deňze gämisiz çykan ýalydyr. 3.Zulum, hile we wepasyzlyk kimde bolsa, zyýany ýene onuň özüne geler. 4.Kitaplar akylly kişileriň bakjasydyr. 5.Nadan adam şeýtanyň oýunjagydyr. 6.Goňşyň bilen dawa etme. Mysapyr adam gider, emma ol galar. 7.Takwa bolmaklyk akylly edilen işleriň iň gözelidir. 8.Allahtagalanyň öňünde günäkär bolmaklyk akylsyz edilen işleriň iň erbedidir. 9.Berlen amanat zady yzyna gaýtarmak iň gowy ýagşylykdyr. 10.Zulum edilen adamyň bet dogasyndan gorkuň. 11. Ölümi özüňe söýdür.Ol haçanam bolsa geljekdir. 12.Sabyr ediň. Her bir işiň başy sabyrdyr. 13.Parz eda bolmasa (bitmese), nepil kabul bolmaz. 14.Allahu Tagala daşyňy görşi ýaly içiňi-de görýändir. 15.Haky (ýagny Hudaýy) tanaýanlaryň guly (hyzmatçysy) bolgun. 16.Gizlin we äşgärlikde Hudaý Tagaladan gorkuň. Allahu Tagala özünden gorkana gutulmagyň gapysyny açar. 17.Soňuň gowulygy öňüň gowulygy ýaly bolar.