10.01.2013ý. Dostum Amanyñ söýgülisi öz janyna kast etdi - dünýeden ötdi. Gara syýa çyrshap ömür sahabma, Bu gün ykbalymdan gidäýdiñ-le, gyz! Näme sebäp, düshünmedim hasabña, Gözlerimden baky ýitäýdiñ-le, gyz! Sesiñ mukam, diliñ dutar-tardy, wah, Nähak gürrüñ ömür gülüñ gyrdy, wah, Gözleriñi ýummagyña i:rdi, wah, Iñrik bolup, biwagt bataýdyñ-la, gyz! Pikirlerim bulam-bujar, dagynyk, Aglaýar umytlam zarlap-bagyryp, Gezjekdig-ä bagtda ýaýnap - agynap, Meni baky gussa çataýdyñ-la, gyz! Agyr degýär duýmak seniñ ýoklugñy, Saklap gitdiñ mukaddes gyz päkligñi, Bu gün subut etdiñ ýeketäkligñi, Bimahal jahandan ötäýdiñ-le, gyz! Gidäýdiñ-le, gyz..!

Köneler, Friendship tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir