Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! :). Sag-aman otyrmysyñyz? Sizleriñ saýañyzda men gowy :). Bu gün köp otyryp Enelermiz hakda pikir etdim. Enemiz bolmadyk bolsa, biz bu ýagty jahany görmezdik. Enelermiz bizi 9 aý göwresinde göterip, iýmitlendirdi. Eger "dünýäde iiñ köp bergili adamyñ kim?" diýseler "Enem" diýip jogap bererdim. Enelerimizi näçe begendirsegem, az. Enelermiz bizi çagalar bagyna günde elimizden tutup äkitdi, günde egin-eshiklerimize seredishdirip mekdebe ugratdy, ýokary okuw jaýlaryna girmegimiz üçin Ene-Atamyz derläp zähmet çekdi, bizi dyrnak ýaly wagtymyzdan bashlap ep-esli bolýançak ýagny "adam" bolýançak aladamyzy edip, mähirlerini bize bagysh eden Enemizdir. Meniñ üçin iñ mukaddes zat Enem. Ene hakda mukaddes setirleri sizler bilen paýlashmak isleýän:

Köneler, wepa225 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir