Yasadym men dine sen pikirinde Ynandym sana soyyan diyip sozlande Yone ynanmadym hos gal diyende Jan Allajan gaytarsana yarymy! Din salyp ejiz yuregimi dinlamde Gorjek bolup das-toweregimi gozlamde Hyyalymda gezip yorsun bir yerde Jan Allajan gaytarsana yarymy! Bolman gecen helakciligi oylamda Gozume yas dolyar sony yatlamda Bolmayarmy seni Huday almanda Jan Allajan gaytarsana yarymy! Butin omrum kul boldy bir gunde Hemme zat gutardy bir salymda Nysan galmady suyji arzuwda Jan Allajan gaytarsana yarymy! Bagt toyumyza iki hepde galanda Aglamaly boldum bas ujunda Gorjek gorgum eken,gara manlayda Jan Allajan gaytarsana yarymy! Seredip men senin mazaryna Ynanasym gelenok jan gidenine Owrensip bilemok sensiz gunlere Jan Allajan gaytarsana yarymy! Yuregimin icinde galdy kop sozler Konelmeyan ymaratdyr gowunler Surat deyin duyse giryar o gunler Jan Allajan gaytarsana yarymy! Soygi diymek baky diymek dalmidir Eysem syrdas dalde bir hyyalmydyr Yatsan-tursan kella geljek zatmydyr Jan Allajan gaytarsana yarymy! Boynuny burup bag bu gun yranyar Mazaryn gorup yurek yene urunyar Yasaran gozlerimi yeller supuryar Jan Allajan gaytarsana yarymy! Gorsem beren bagul gullen solupdyr Ot awuly tiken bolup bitipdir Ahli suyji sozler eyyam diylipdir Jan Allajan gaytarsana yarymy! Sen yoklugyna gin dunyam daralyar Yene seni yada salyp gowun aglayar Bagrym dilip yurek daglanyar Jan Allajan gaytarsana yarymy! Durmusyn gorunman yatan syry bar Bu dunyanin erap baryan gary bar Belki seyle bolmak takdyrda bardyr Jan Allajan gaytarsana yarymy! Entek depamizde onku yyldyzlar Gurrune gosular dymmy gijeler Seni gorsem gamgyn gowun acylar Jan Allajan gaytarsana yarymy! Kerwen gurap gecip baryar yyllar Gozlermin nuruna yagtalyar danlar Toy diydik,yas boldy yrandy tallar Jan Allajan gaytarsana yarymy! Her bir sozun janymyn dermanydyr Juwan yaslygymyn mahir ummanydyr Bir gezek gorsem yurek razydyr Jan Allajan gaytarsana yarymy!

Köneler, wepa225 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir