Hezreti Süfýan b. Uýeýneden: „Bir ynsan bir işi amal etmäge niýet eder, soňra etmese şol kişi amal etmedik ýagdaýynda, Kiramen Kätibin perişdeleri ony nähili ýazýarlar?“ diýip soralanda, Ol şeýle jogap berdi: “Ynsanyň ýagşylygyny we erbetligini, sogabyny we günäsini ýazan perişdeler gaýyby bilmezler. Ýöne ýagşy we haýyrly işi etmek niýetinden dänende, ondan müşki-ambary ýaly ýakymly yslar ýaýylar. Perişdeler bu ýakymly ysy duýan wagtlary şol kişiniň ýagşylyk etmek niýetindedigini aňarlar. Erbetlige niýet edinende bolsa, kişiden ýakymsyz ys ýaýrar. Bu ýakymsyz ys arkaly perişdeler şol kişiniň erbetlige niýet edinendigini aňarlar. Ýagşy amal niýet edineniňde, bende ony amal etmese-de perişdeler ol niýeti ýazarlar. Erbetlige niýet edineniňde bolsa, şol erbetligi amal etmese ýazmazlar.Bu Allahutagalanyň bendesine keremi we yhsanydyr.”
PERIŞDELER KIŞINIŇ ÝAGŞYLYK WE ERBETLIGINI NÄHILI ÝAZARLAR
-
gadymypaytagt
11 years ago
- sogabynyn yazyan sag egninde,gunanani yazyan cep egninde oturya diyyaler.
makgush 11 years ago- Dogry