Mälim bolşy ýaly, hezreti Muhammet (sallallahu aleýhi wesellem - s.a.w.) ejesi Emine hatyny alty ýaşynda ýitiripdi. Eger-de ejesi diri gezip ýören bolsady, Pygamberimiziň (s.a.w.) oňa mähir we söýgüsiniň ömürboýy egsilmejekdigi hakykatdyr. Öňi bilen Kurandan hem-de hadyslardan şu meselä degişli birnäçe mysal getireliň. Allahutagala Kuran-y Kerimde şeýle buýurýar: “Allaha gulluk ediň. Hiç bir zady Oňa şärik etmäň! Ene-atalaryňyza, ýakynlaryňyza, ýetimlere, garyplara, golaýdaky hem uzakdaky goňşularyňyza, dostuňyza, ýolagça we eliňizde işleýän adamlara ýagşylyk ediň!” (Nisa, 4/36) “Biz ynsana ene-atalaryny sylamagy nesihat etdik.”(Lokman, 31/14) Pygamberimiz şeýle diýýär: “Allanyň ryzasy ene-atanyň ryzasynda, gazaby-da ene-atanyň gazabyndadyr(Tirmizi, Birr we Syla, 3). “Uly günäleriň içinde iň ulusy: Allaha şärik goşmak we ene-ata garşy gitmekdir.”(Tirmizi, Birr we Syla, 4) Resuly Kerim özünden: “(Musulmanyň) iň köp aladasyny etmeli, barçadan owal isleglerini kanagatladyrmaly hem-de iň ýakyn durmaly adamy kimdir? – diýlip soralanda üç gezek: “Enesidir” dördünji gezeginde “Atasydyr” diýip jogap berdi.(Buhari, Edep, 2). Mysal getirilen aýat we hadyslardan hem görnüşi ýaly, ynanjymyzda ene-atany söýmeklige, olary hormatlamaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Hezreti Pygamber (s.a.w.) umre maksady bilen Hudeýbiýe jülgesinden Mekgä barýarka, ýolda Allahutagaladan ejaza sorap, ejesiniň guburyna zyýarat edýär. Zyýarat wagty guburyň üstüni elleri bilen düzedişdirýär. Gynanyp aglaýar. Onuň aglanyny görenler Serwerimizden (s.a.w.) munuň sebäbini soraýarlar. Hezreti pygamber (s.a.w.): – Ejemiň meni gowy görşi, mähri we merhemeti ýadyma düşdi, şonuň üçin agladym – diýip jogap berýär. Ebu Lehebiň gyrnagy Suweýbe pygamberimizi bäbekkä bir hepde töweregi emdirýär. Pygamberimiz (s.a.w.) bu zenany ömürboýy hormatlap, oňa ýagşylyk baryny edýär. Medinä göçülenden soňra hem Pygamberimiz (s.a.w.) ol aýala dürli sowgatlary yzygiderli iberip durýar. Hezreti Pygamber (s.a.w.) Suweýbe hatyn tä dünýäden ötýänça, oňa bolan sarpasyny saklaýar. Öldi habary gelenden soňra-da, onuň kömege mätäç ýakyn hossarlarynyň bardygyny-ýokdugyny anykladýar. Pygamberimizi (s.a.w.) emdiren Halyma hatyn bir gezek Mekgä gelende: “Uly gytçylyk boldy, gurakçylykdan ýaňa mallarymyz öldi” diýip, derdini aýdýar. Ol wagtlar Pygamberimiz (s.a.w.) hezreti Hatyja öýlenip, heniz Mekgede ýaşaýardy. Ol (s.a.w.) şonda Halyma hatyna kyrk goýun bilen ýüklerini urar hem-de müner ýaly bir düýe berýär. Başga bir gün süýt emdiren enesi Halyma onuň huzuryna gelende Pygamberimiz (s.a.w.) derrew ýerinden turup: “Ene jan!” diýip, hezzet-hormat bilen garşylap, çäkmenini ýazaga-da, süýt enesini şonuň üstünde oturdýar. Şu ýerde Ümmü Eýmen Berekeni-de ýagşylykda ýatlalyň. Özüne köp wagt hyzmat eden bu zenana-da Pygamberimiziň (s.a.w.) hormaty uly bolupdyr. Oňa: “Sen meniň ikinji ejemsiň!” diýer eken. Enekesi Ümmü Eýmeni ejesi ýaly görýändigini aýtmagy, bu şol döwür üçin diýseň geňdir. Sebäbi Ümmü Eýmeniň gyrnak bolandygyny göz öňüne tutsak, şonda Pygamberimiziň (s.a.w.) oňa “Eje” diýip ýüzlenmeginiň döwrüň ynsany kemsidiji garaýşyna nähili uly zarba urandygy aýan bolar. Çünki, yslamdan owal araplaryň arasynda gyrnaklar hak-hukukdan mahrumdy. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) bolsa Ümmü Eýmeni ene mertebesinde ýokary tutýardy. Şu ýerde ýene Ebu Talybyň aýaly Patma hatyn barada-da agzaman geçmek bolmaz. Sekiz ýaşyndan soňra Ebu Talybyň maşgalasynda bolan Pygamberimizi (s.a.w.) bu aýal ogullarynyň biri ýaly eý görüp, bagryna basypdy. Kiçikä özüne hyzmat eden beýleki aýallary sylaýşy ýaly, Pygamberimiz (s.a.w.) Patma hatyny hem ömürboýy hormatlap, oňa hezzet-hormat ederdi. Ýygy-ýygydan ýanyna baryp, onuň hal ýagdaýyny sorap durardy. Patma hatyn dünýäden gaýdanda, Pygamberimiz (s.a.w.) “Enem öldi” diýipdi, köýnegini oňa kepenlik berip, öz eli bilen hem ony içki öýe salypdy. Töweregindäkiler Patma hatynyň ölümüniň Oňa (s.a.w.) näme üçin beýle uly täsir edendiginiň sebäbini soranlarynda, ol şeýle jogap berýär: – Ebu Talypdan soňra, maňa bu aýal ýaly ýagşylyk eden ýokdur. Ahyretde jenneti lybaslar geýsin diýip, men oňa köýnegimi kepenlik berdim. Gabra öwrenişdireýin diýibem, özüm aşak düşüp, ony içki öýüne saldym. Onuň (s.a.w.) Patma hatynyň ölümine gynanyşyny görüp, haýran galan adamlara hezreti Pygamberimiz (s.a.w.): “Ol meniň enemdi! Çagalary aç, ýüzlerini sallaşyp duran hem bolsa, ol öňi bilen meniň garnymy doýrardy, saçymy darardy. Ol meniň enemdi!” diýip düşündiriş berýär. Gürrüňini eden bu taryhy hakykatlarymyz älemlere rehmet diýlip iberlen Hezreti Muhammediň (s.a.w.) enä bolan söýgüsiniň biçak uly bolandygyny tassyklaýar. Ejesi Emine hatynyň guburyna zyýarat etmegi, gynanyp gözýaş dökmegi, ulalandan soň özüni az wagtlyk emdiren Süweýbä dürli kömekler etmegi, süýt enekesi Halyma duşan wagty “Eje jan, eje jan!” diýip, ýüzlenmegi, onuň mätäçliklerini kanagatlandyrmagy, ejesiz ýetimdigini duýdurmajak bolup, elinde baryny eden Ümmü Eýmene: “Sen meniň ikinji ejemsiň” diýip minnetdarlyk bildirmegi, şeýle hem köp ýyllap saçagyndan çörek iýen agasynyň aýaly, gelnejesi Patma hatyna “Ol meniň enemdi” diýmegi Pygamberimizde (s.a.w.) enä bolan söýginiň nähili çäksiz ýokary bolandygyny görkezýär. Müminler her bir meselede bolşy ýaly, enäni söýmek hem-de oňa hormat goýmak babatda-da Pygamberimiz Muhammediň (s.a.w.) nusgalyk göreldesine eýermelidirler.
Hezreti Muhammet aleýhisselamyň ENELERE HORMATY
-
gadymypaytagt
11 years ago
- sagbol muzazzi!
-
GeldiATD
11 years ago
- sag bol gowy zatlar yazypsyn!!!
Gooool 11 years ago- sagbol doss. gowy yazypsyn. shu ene-atalammyzdan soratsalar nache adam 5lik bilen synagdan gecherka?