Ol aýal ýekeje gyzjagazy bilen bir külbejikde ýaşaýardy. Adamsy ony ýeke gyzy bilen taşlap gidensoň, olardan habar hem almandy. Görgüli aýalyň iş tapjak bolup, kakmadyk gapysy galmandy. Emma oňa delalat etjek tapylmandy. Bir gün ol jorasy bilen gürleşip otyrka: - Men beýlekilerden biraz tapawutly- diýip ýylgyrdy. Jorasy: - Beýle bolmagyň seni birahat edýärmi? –diýip sorady. - Eşretde ýaşaýan gyzjagazlary gören pursatlarym, özümi bir hili erbet duýýaryn. Hemmeler ýaly men hem öz gyzyma iň gowy arzuwlary edýärin. - Ýagdaýlaryňyz onçakly erbet däl ahyryn. - Dogry. Açlykdan ýa-da sowukdan ölemizok. Onsaň hem men durmuşda üç zada eýe boldum. - Üç zat diýýäniň näme? - Birinjisi, tejribelerim. Ikinjisi, hakyky dostlarym. Üçünjisi bolsa, gursagymda ulaldyp gezenlerim. Enäniň tejriberlerim diýýäni, gyzy bilen geçiren hoş wagtlarydy. Dostluga ol has başgaça garaýardy: - Hakyky dostlar, belli wagtlyk durmuşyňyzdan çykyp gitseler hem, ýüregiňizde baky ýaşaýandyr. Näçe ýyllar geçse-de, ähli zady taşlan ýeriňizden başlarsyňyz. Olar ölseler hem ýüregiňizde ýaşarlar. - Onda gursagyňda ulaldanlaryň näme? - Men gursagymda gam-dussadyr ýigrenji, gümandyr müňkürligi, lapykeçlikdir şübhäni ulaldamok. Muny islän bolsam ederdim, ýöne edemok. - Şeýle bolsa sen nämäni ulaldýarsyň? Ol mähir bilen gyzyna seredip, jorasyna gyzynyň gözlerini görkezdi-de: - Ine, şulary- diýip jogap berdi.
Näme ulaldýarsyňyz?
-
phenomen2
11 years ago
- Sag bol yetirinenine
-
virmenaard
11 years ago
- bolyar bolayyn.
-
gadymypaytagt
11 years ago
- gowja hekaya.sagjabol!
-
gadymypaytagt
11 years ago
- kyncylyk cekyan dowrun dost saylamak ansat bolya.
-
aldarkose12
11 years ago
- durmusun kyncylykly yolunno dossy tanamak ansatla
virmenaard 11 years ago- *arhiwimden