Goz onune getir bagtdan yukumiz Biz gurup otyrys yshkdan geljegi Gosha daragt deyin urup kokumiz Bize ak yol berip dunyan kunjegi. Alyp gitsek dowamaty dowama Bir bag eksek, miwa dolup shahasy Jogap tapylardy ahli sowala Ahwallaryn bolardy oz bahasy. Chozgut bardy, yazgyt bolsa gul yaly Ichin gepletmezdin yalnyz galan chak Eger oñan bolsa manlay el yaly Yele uwrelmezdi bashan sallanchak. Oyumiz hem bolardy kijijik bazar Kim guplady o sowdanyñ dukanyn Dil degse kalbyn yarasy azar Uchan gushy tutan barmy ekabyr?! Name uchin bu zatlar bolup tersine Her haysymyz chykdyk ayry kenara Inden shygyrlarmy owyan gorsene Gullemek gich dalmi suwsuz enara. Unus bersen yuzerdi saylanan gayyk Ejiz geler tolkun den ursa kurek Bilyan, suw bir aksa dolanmaz hayp Yarylmanna hayran galyan bu yurek. Indi ayt o gunler oyunmy, yalan Mundan anry dowam edenok setir Yyllar arzuwlarmy tamdyra salan Indi gich. Yone goz önune getir.

Köneler, makalester tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir