Her gezek men saňa "Söýýän seni!" diýemde, sen "Hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiň, "nädip söýýäniňi düşündirdä" diýýärsiň. Men seniň bu sowalyňa kän wagt jogap gözledim. Dürli kitaplary okap gördüm. Deň-duşlaryma sorag berip gördüm. Ýaşy menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. Hat-da filosofiýadan, psihologiýafan sapak berýän mugallymlarymdan hem maýyny tapyp soradym "söýgi näme?" diýip. Emma, geň galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. Şoň üçinem, men bu sowala anyk jogaby diňe öz ýüregimden gözlemekligi makul bildim. Meniň diňe "sen, sen, sen..." diýip gürsüldeýän ýürejigim maňa şu zatlary saňa aýtmaklygymy maslahat berdi: Söýgi – bu, meniň seniň bilen bileje geçiren her bir minudyma begenýänligim! Söýgi – bu, haçan-da, meniň ýüregimiň seni her gezek gören çagym ýa-da seniň sesiňi eşden çagym, doňup galýanlygy, ýa-da, tersine, gürsüldäp urup başlaýanlygy! Söýgi – bu, meniň hemme ýerde jübi telefonymy ýanymdan aýyrman, hatda ýatamda hem ony başujymda goýup ýatýanlygym. Sebäbi, men sen jaň edeňde, birdenkä, eşitmän galaýmaýyn diýip, gorkýan! Söýgi – bu, meniň sen hakda her minutda 60 sekunt däl, 61 sekunt pikir edýänligim! Söýgi – bu, meniň dünýädäki gyzlaryň içinde senden owadan gyzyň ýoklugyna ynanýanlygym! Söýgi – bu, meniň senden başga hiç bir gyzy senden owadan hasap edip bilmeýänligim! Söýgi – bu meniň uka giden halatymda- da, oýanamda-da diňe sen hakda pikir edip ýatýanlygymda we oýanýanlygymda! Söýgi – bu meniň agşam ýatamda seni göz öňüme getirip ýassygy gujaklap ýatyşym...
Soygi name
-
wampirtm
12 years ago
- Soygi- Allahym her bir adama doglanda yany bilen soygi we gorkyny beripdir. Ony iki taraplayyn ulansan bolar. Birinjisi Allahy soymegi we hemme zadyn $ondan gelyanligini ynanmagy we Allahdan gorkmagy ba$armagydyr. Ikinjisi dunyani soymegi we dunyaden gorkmagydyr. Allahdan gorkmak we ony soymek lezzet berer. Dunyani soymek we ondan gorkmak bolsa ezyet berer. Meselem: "sen bir gyzy soysen dine $ol diyip ya$asan, olam senden yuzun owurse sen $onsyz olayjek bolarsyn. Eger $on Hudaydan gelenligini bilsen onda gaty bir gynandyrmaz, sebabi on gecijidigine ynanyarsyn.
-
phenomen2
12 years ago
- hmmbaah
phenomen2 12 years ago- bah yakupjon filosof ekenina :-D