Çagalar ölene aglap bilmez Gitme däde diýip ýalbaryp bilmez Çagalar dädäni unudyp bilmez Dönülmez gidişiň şeýlemi däde Bir mazar daşyna dädeň diýdiler Agladym elime suratyňy berdiler Soradym çäresini dönmez diýdiler Dönülmez gidişiň şeýlemi däde Seslensem sesimi eşidip bilmersiň Aý geçer, ýyl geçer oýanyp bilmersiň Mätäç boldum, elimi tutup bilmersiň Dönülmez gidişiň şeýlemi däde Çaga wagtym ýaşadym hasratlaryňy Enem bilen doldurdym küýsençlerimi Her gezek aýtdym oňa arzuwlarymy Dönülmez gidişiň, şeýlemi däde?

Köneler, Broker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir