Bütün dünýäde iň güýçli futbolçy hasaplanýan Barselonanyň Argentinaly ýyldyzy Leonel Messi (Başga planetalam diýýäler) öten agşam Deportiwadan salan üç golyndan soň Barselonadaky 21-nji het-trigini ýerine ýetirdi. Bu superfutbolçy Argentinanyň ýygyndysynda gol salmakda ýel ýaly herekete geçen bolsa, La ligada hem gol salmagyny galan ýerinden dowam edip başlady we düýn agşam Deportiwanyň derwezesine üç pökgi salyp şu ýyl resmi oýunlarda salan pökgüsiniň sanyny 59-a eltip, 2010-njy ýylda bir ýylda salan 58 golyny bu ýylyň gutarmagyna 2,5 aý barka täzelemegi başardy. Indi Bu superfutbolçy öz rekordlaryny täzelemese täzelär ýaly rekordlaram azaldy. Şu wagta çenli Barselona formasyny geýip 341 oýunda 268 gol salan Leonel Messi, Argentina ýygyndysynda hem 75 duşuşykda 31 gezek tora pökgi salmagy başardy. Barselona we Argentinanyň milli ýygyndysynda 416 resmi duşuşyga çykan Messi, bu oýunlarda 299 gezek garşydaş toparyň derwezebanyny "gynandyrmagy" başardy. Öňümizdäki hepdäniň sişenbe güni Nou Kampda çempionlar ligasynyň oýunlarynda Seltigiň derwezesine gol salmagy başaraýsa Bu superfutbolçy karýerasyndaky 300-nji golyny baýram eder. Futbol dünýäsinde täzelenmedik rekord goýmadyk we her statistikanyň aşagynda öz "möhürini" goýan Leonel Messiniň indiki rekordy Braziliýanyň rowaýaty futbolçysy Pele bilen baglanyşykly. Şu ýylyň gutarmagyna 2,5 aýyň galandygyna garamazdan milli ýygyndyda we Barselona fomasynda 71 pökgüni öz adyna ýazdyran Messi, ýene 2,5 aýyň içinde 5 pökgüni salaýsa, Rowayaty Peläniň 1 ýylda salan rekordyndan hem öňe geçýär. Pele 1959-njy ýylda klubda we ýygyndyda jemi 75 pökgi salyp rekord goýupdy we ol rekord ýalňyşmasak, nesip etse Messä çenli diýip aýdyp bileris. Ýöne Pele abraýy gaçyp barýan ýaly beren interwýusynda şeýle diýipdi: -Egerde Messi 1283 pökgüni öz adyna ýazdyrsa we 3 gezek dünýä çempiony bolsa onda otyryp gürleşeris. Menden haçan täze Pele çykjak diýip soraýalar. Menem asla indi Pele çykmaz, ejem we kakam ol kärhanany indi ýapdylar - diýip jogap berýärin. Elbetde, Peläniň öz ýeri bar, Maradonanyň öz ýeri. Ýöne Leonel Messi (Başga planetaly) gaty üýtgeşik oýunçy!!! Hemme zady wagt görkezer.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir