meniñ size sargydym bar,pendim bar, söýüp sarpa goýuñ birek-birege, söýüp arka boluñ birek-birege, rysgal-döwlet ýagýar, muhabbet ýagýar agzybirlik pajarlasa nirede! bela gelmez agzyñyz bir bolanda, beýiksiñiz bir bolanda agzyñyz! dargadyp bilýändir uly döwleti, agzyny alardyp betpäl tañrysyz! türkmeniñ başyna bela gelende gelendir mydama agzalalykdan, allanyñ hakyna agzybir boluñ! watanyñ hakyna agzybir boluñ! unutmañ:ýalkanan halksyñyz hakdan! unutmañ taryhyñ hakykatyny, dünýä düşmäge dana gerekdir. iki dogan: abyl bilen kabyly duşman edip bilýän çarhypelekdir! elli asyr bäri dogandyr türkmen, şol doganlyk syýasatyn ýörediñ! uýup oguz handan galan akyla bir allanyñ hakyna! bir watanyñ hakyna! bir milletiñ hakyna! agzyñyzy,diliñizi bir ediñ! türkmen beýik döwlet gurup bilýändir! taryh şaýat! guran döwleti kändir! gorabam bilýändir guran döwletin! söýip sarpa goýuñ birek-birege, söýip sarpa goýuñ birek-birege, dogan bolup ýaşamany öwreni! rysgal-döwlet ýagýar, bereket ýagýar agzybirlik pajarlasa nirede! alla bir millete gargasa eger, öñi bilen onuñ aklyn dagadar, alla bir millete gargasa eger, öñi bilen halkyñ agzy alarar! meniñ size sargydym bar,pendim bar, gulak goýuñ,iniler hem agalar, hergiz melgunlaryñ toruna düşmäñ. ýeñendir türkmeni hut türkmen bilen, eger ýeñen bolsa türkmeni duşman! sekiz asyr arzuwyñdyr bu döwlet, bu döwletiñ ak patasy hakdandyr! agzybirlik- onuñ sarsmaz binasy, ömri- adyllykdan, adalatdandyr! agzyñyz alarmasyn, agzyñyz alarmasyn, ýerden-gökden üstümize, howp-hatar abanmasyn! agzybirlik-erdasy allanyñ, agzalalyk-melgunlaryñ matlaby, alla hoşal bolup bakar asmandan, agzybir ýaşasa,dünýäñ halklary! elli asyr bäri dogandyr türkmen, şol doganlyk syýasatyn ýörediñ, uýup oguz handan galan akyla, bir allanyñ hakyna, bir watanyñ hakyna, bir diýaryñ hakyna, agzyñyzy bir ediñ! agzyñyzy bir ediñ!
sahett 12 years ago- beýik Allanyñ ady örän köp gaýtalanýar...üns berip beriñ...