bardyr her milletiñ bir ejiz ýeri, seniñ ejiz ýeriñ-aýan milletim! dereleriñ aždarhasyny owşarlap, kä özüñe owsar salyp bilmediñ. däli domrul bolup,iliñe sygman, köpru gurduñ gury çaýyñ üstünde. güýjüñe bäs gelmän, dunuña sygman garşydaş tapmadyñ asman astynda. daglarda garpyşdyñ gara döw bile, düzde ezraýyla gurduñ darkaşy. sen bäs gelmän gaýratyña,dogmuña, beýik mertebäñden aklyñ dargady! men-menlik eýlärsiñ görogly bolup, az görip jahanyñ ýaryn baglanyñ, pygamberiñ kürsüsinde oturan halyfyna hemde atyp bagdadyñ! men-menlik eýlärsiñ alp arslan bolup, men-men diýip daş düşer sen Allañdan. zeminde garşyña çykjak tapylman, käte saña towky geler asmandan! sen beýik türkmensiñ, gerçek türkmensiñ, mähribansyñ,gara ýer dek türkmensiñ, nije müñ ýyl ýüzin salyp dor atyñ, ýüz müñ,ýüz müñ duşmanyñdan rüstemsiñ. soltan bolup, ýedi yklymy soradyñ, soltan bolup watanyñy goradyñ, goranyp biler sen ýüz müñ duşmandan, seni men-menlikden Allam gorasyn! "sen","sen" diýseñ beýgelersiñ türkmenim, "sen","sen" diýmek bu jahanda derkardyr, "men","men" diýen çagyñ peselersiñ sen, ýöne nätjek... ...adyñda-da men bardyr!
Men-menlik(üç apat)
-
sahett
12 years ago
ýöne nätjek...
...adyñda-da men bardyr!
ýeke taryh däl şu wagtam men-menlik hökmin ýöredýär...
-
Filip
12 years ago
- Берекелла
-
akgultm
12 years ago
- saparmyrat atamyzynam gosgylaryny yatdan cykarlaynaa ka wagt yatlap duralyn sedip sag bol awtor:)
-
Milashka92
12 years ago
- kop sagbol yetirenine sahett
Yone natjek adynda-da "men " barda diyen setirlerini gowy gordum
sahett 12 years ago
ýeke taryh däl şu wagtam men-menlik hökmin ýöredýär...