Halypalyga ýeten bir dana kişi garrap, tapdan düşensoň, öz şägirdine bir hat beripdir, ony özi älemden gidensoň açmagy we özüniň mirasdüşerine görkezmegi tabşyrypdyr. 0l hatda şeýle ýazylypdyr: «Men bu şägirdimi halamazdym». Şägirt hatyň mazmuny bilen tanşansoň lapykeç bolupdyr we: —Meniň halypam şeýle bir rehimdar adamdy welin, onuň maňa eden ýagşylygy şu dünýäde mümkin bolan in beýik ýagşylyk bilen deňeşdireniňde köp bärden gaýdýar. Şonuň üçin ol özüni maňa ýagşylyk etmedik hatarynda goýupdyr — diýipdir.Aradan bir ýyla golaý wagt geçensoň, haiypanyň mirasdüşeri şägirdi ýene ýanyna çagyrypdyr we şol haty ýene bir gezek düşündirmegini haýyş edipdir. —Indi men ondaky «halamazdym» diýen sözüň hakyt dogry ekendigine göz ýetirdim — diýip, şägirt aýdypdyr. — Adaty adamlar özlerinde özgeler bilen paýlaşar ýaly ähmiýetli zat ýok bolan halatynda dostlukly gatnaşygy magtamaga çalyşýarlar. Adamlara hazyna paýlaýjynyn rehimdarlygy ýa-da zalymlygy bilen biziň işimiz bolup bilermi? Aýdaly, eger bir hyzmatkär soltanyň paýlamak üçin beren altynlaryny paýlap duran wagtynda, onun ýylgyrýandygynyň ýa-da hyrsyzlygynyň, eýsem, ähmiýeti barmy? Kimdir biri ýagşy niýet bilen süýji hödürläp biler. Lukman derde em bolýan dermanlary ulanýar, onuň adamlara nähili gelýändigine — ajylygyna ýa-da süýjüligine garap durmaýar. IKI BAÝ Bir wagtlar, bir çakda bir tütjar bay adam ýaşapdyr. Günlerde bir gün adatdan daşary baýlygy bolan başga bir adam hakyndaky myş-myşlar onuň hem gulagyna baryp ýetipdir. Şonda menden bay adam ýokdur diýip ýören birinji bay adam: —Meniň hazynamyň baýlygy sanardan kän, onuň hasaby bilerden gaty köp. Hatda patyşalarda hem meniňki ýaly köp baýlyk ýokdur, onsoň şol baýyň baýlygy nädip meniňkiden köp bolýarmyşyn? Gideýinde, onuň hazynasyna bir bakyp göreýin, ol nähili hazynanyň eýesikä? — diýipdir. Şol niýet bilen birinji bay ikinji baýyňka gelipdir-de, ondan hazynasyny görkezmegi haýyş edipdir. 0l adam baýyň haýyşyny dessine berjaý edip, oňa içi bugdaýdan, arpadan doly sanýetmez ammarlaryny görkezipdirhem-de begenjini, buýsanjyny gizlejegem bolman: —Ine, görseň, Hudaý meni nähili sahylyk bilen sylaglapdyr! — diýipdir.Hälki bay göwnüýetmezçilik bilen: —Mende seniň bugdaýlaryň sanyna barabar lagly-göwherim bar, ýöne men şonyda baýlyk hasap edemok —diýipdir-de, yzyna gaýdypdyr. Indiki ýyl hasylsyz ýyl bolupdyr. Bir döwüm çörek tapmak hyllalla bolupdyr. Hemmeler aç galypdyr. Bay adam ammar-ammar bugdaýy bolanyňka ummasyz sowgat bilen hyzmatkärini ugradypdyr, lagly- göwherlerini we gymmatbaha daşlaryny iberipdir hem-de onuň öwezine bugdaý ýollamagyny haýyş edipdir, ýöne ol kişi bay adama hiç hili jogap bermändir. Bay adam başga çykalga tapmansoň, däne üçin ummasyz köp baýlygyny düýe kerwenine ýükläp, bugdaýy bolanyňka ugradypdyr.Ammar doly bugdaýy bolan kişi onuň iberen gymmatbaha zatlarynyn birini hem alman yzyna gönderipdir we: —Men hiç bir baha dänämi satmakçy däldirin, näçe töläbem bolsa alaryn diýip niýet edip oturma. Ýöne mana aýalyňy iber-de, näçe bugdaý gerek bolsa alyp gidiber — diýip aýtmagy tabşyrypdyr. Bay adam bu habary eşidip, diýseň hapa bolupdyr. —Eger men oňa aýalymy bersem, il-gün, dostlarym maňa name diýer? Onda bugdaý meniň nämäme gerek bolar? Eger men onuň diýenini etmesem, onda ol maňa däne bermez, däne bermese-de, çagalarym açlygyndan öler.Bay adam başga çykalga görmänsoň, aýalyny ata mündürip, ýola salyp goýberipdir. Bugdaýly kişi baýyň aýalynyň ýetip gelýänini görüp, oňa: —Meniň baýlygyma göwni ýetmän giden ulumsy baýyň indi mugyra gelendigine ynandym. Şonuň üçin näçe bugdaý alasyň gelse al-da, yzyňa gaýt — diýipdir. Şeý diýip, ol bir kerwen bugdaý bilen baýyň aýalyny yzyna ugradypdyr. DEMIRÇI USSA WE ŞEÝTAN Şam (Damaskyň gadymy ady) şäherinde bir demirçi ussa bar eken. Ol sebäp bolsa-bolmasa, şeýtana söger eken. Şeýtanlar mundan ýokuş görüpdirler, olar özaralarynda dil düwşüp, demir-çi ussa duzak gurapdyrlar. Şeýtanlaryň biri gojanyň sypatyna girip, onuň ýanyna barypdyr hem-de özi bilen bir ýaş ýigidi, öz ogluny hem getiripdir. Ol ussa ýigrimi sany gyzyl teňne berip: —Oňa öz hünäriňi öwret — diýipdir. Ussa muňa begenipdir, ony ussahanasynda alyp galypdyr we oňa gowy tälim bermäge söz beripdir.Aradan iki aý geçensoň, şeýtan ýene gojanyň sypatyna girip, demirçi ussanyn ýanyna gidipdir. Oňa ýigrimi sany gyzyl tenňe beripdir-de: —Men indi garrap, halys çagşadym, mejalym gutardy. Ine, sana muzd. Şuny al-da, meni eredip, täzeden otuz ýaşly adam edip ýasap ber — diýipdir. Demirçi ussa sögünçli söz bilen şeýtanyň adyny tutdy. Soňra: —Eýsem, şonuň ýaly işi adam ogly başaryp bilermi? — diýip sorapdyr. Şonda onuň şägirdi dillenipdir: —Puly al! Men galaýy eredýäniň ogly. Şonuň üçin ony nädip eretmelidi-gini men bilýärin. Şeýtan—ähli şeýtan işleriniň ussady. Olar gojanyň el-aýagyny towlaşdyryp daňýarlar. Körüge kömür guýup ýel berýärler.Goja güýjünde baryny edip, gygyryp başlapdyr: —Oý, ah, wah, ýanýan-eý, ýakmaň meni beýle! Ýöne olar körüge ýel bermegi has-da güýçlendiripdirler. Heý, şeýtany otda ýakyp bolarmy? Aradan ýene birnäçe wagt geçensoň, otdan otuz ýaşlaryndaky bir adam çykypdyr. Muňa hemmeler geň galypdyrlar. Şondan soň: —Bu demirçi ussa şeýle işine ökde welin, iki ýüz ýaşly gojany ýigrimi ýaşly ýaş ýigide öwrüp bilýar — diýip myş-myş ýaýrapdyr.Bu habary Şamyň kazysy hem eşidipdir, ol gaty garran adam eken. Ol ussa iki ýüz tylla teňňe getirip beripdir-de: —Meni-de eredip, täzeden ýasa! Ussa boýun alypdyr, çünki ol, hakykatdanam, şeýle hili işleri-de başarýandyryn öýdüpdir. Gojany üç epläp daňypdyrlar-da, oda dykypdyrlar we körüge ýel berip başlapdyrlar. Közden galan küli agtaryp görenlerinde, hiç zat tapmandyrlar: kazy görgüli küle öwrülipdir. Bu etmişi üçin demirçi ussany tutpdyrlar-da, eden günäsini boýnuna goýup, dardan asypdyrlar.Ine, şeýdip, şeýtanlar ondan mekirlik bilen ar alypdyrlar. MEDIÝALY TAJIR WE HINDI Bir wagtlar bir mediýaly täjir bar eken. Ol söwda işleri bilen Hindistana gidipdir, Kaşmir şäherine gelip düşüpdir. Ol şäherde iň bay täjirleriň üýşýän öýüne barypdyr. Öňden oturan adamlaryň deňlerinden ötüp, iň ýokary geçip oturypdyr. Sellesini çykaryp, ýanjagazynda goýupdyr. Bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atypdyr. Ol şeýle bir ulumsylyk bilen oturypdyr welin, hamana, bu ýerde özündan mertebeli adam ýok ýaly.Howluda duran bir adam içerde bolýan bu ahwalaty synlapdyr. Ol diňe bir baýlar bilen oturmaga hormat gazanmag-a beýlede dursun, hatda şu jaýa girmäge-de hukugy bolmadyk adamlardandy. Şeýle bolansoň — özi içeri girip bilmänsoň mediýaly baýyň bolup oturyşyny görüp, hyzmatkäri onun ýanyna iberdi: «Sorap görsene, onuň näçe puly barka?».Ondan näçe pulunyň bardygyny soranlarynda, ol: —Mende üç ýüz tümen bar—diýip, magtanyp jogap beripdir. Baýyn jogabyny eşiden howludaky hindi hüňür-hünür edipdir: —Mende ýantardan gurlan üç ýüz jaýym bar, beýleki baýlyklarymy-ha sanabam oturmaýyn. Mende daşlar bilen birlikde sekiz sany lukma kümüş bar, olary gapylarymyň daş ýüzünde ýolagçylar oturyp dynç almaklary üçin goýdurn Şonda-da bu jaýyň içine girip, onuň hojaýynynyň ýanynda oturmak mertebesini gazanamok. Ýöne bu mediýaly kişi bolsa içeri girdi-de, hemmeden ýokary geeçip oturdy. Onuň muňa hukugy barmy? Ol bu mertebäni nädip gazandy? Hindi mediýaly bay daşary çykýança garaşdy. Ol daşary çykan dessine-de, ony gapyda garşylady: —Sen bizde nähili söwda edilýänini bilmeýärsiň? — diýip, ol oňa aýtdy. — Eger isleseň, men saňa söwda üçin näçe gerek bolar diýseň, şonça pul bereýin. Ikimiz söwdany bile edeli, çykdajysyny-da, girdejisinide des-deňje paýlaşarys. Mediýaly bay bu teklibe begenipdir, hindi bilen ylalaşypdyr.0l üç ýüz tümen puluny beripdir, hindi hem edil şonça puly orta goýupdyr. Hindiniň teklibi bilen olar alty ýüz tümenlik sogan bilen sarymsak alýarlar. Bir ammary-da kärendesine eýeläp, harydyny oňa ýerleşdirýärler. -Ýene üç aýdan bularyň bahasy gymmatlar, şonda bulary satyp, biz on esse peýda göreris — diýip, hindi aýdypdyr.Aradan üç aý geçipdir. Ýöne şonça möhletde bularyň harydy çüýräpdir. —Wah, näçe zyýan çekdik — diýip, mediýaly bay zeýrenipdir. Olar ýene hindiniň maslahaty bilen pul karz alypdyrlar-da, günlükçi tutup, soganyň çüýrügini- abadyny saýlapdyrlar. Galanjalaryny ýene saklamagy dowam edipdirler. —Sen meniň arkamdan iň bay hem mertebeli täjire öwrülersiň — diýip, hindi mediýaly baýa aýdypdyr.Aradan ýene üç aý geçipdir. Indi olaryň harydynyň barysy çüýräpdir, hatda ýekeje sogan hem abat galmandyr. Mediýaly bay muny görüp, gynanjyndan aglapdyr, hindini günäkärläpdir. Şonda hindi oňa şeýle diýipdir: —Diýýäniň name? Biz başda çykdajyny hem, girdejini hem desdenje paýlaşýarys diýip, şertleşdik ahyry. Çykdajyny ikä bölsek, seniňkem ýarysy, meninkem ýarysy bolýar. Ikimizem ýarym zyýan çekdik. Mediýaly şeýle bir garyp galypdyr welin, hatda onuň çörek almagada puly galmandyr. Ana, şonda hindi ýene onuň ýanyna gelip, ony öýüne alyp gaýdypdyr. Oňa üç ýüz tümen beripdir-de: -Doganym, düşün. Men dine seniň öz-özüňi tanamagyň üçin alty ýüz tümenimi ýitirdim — diýipdir.
andrey 12 years ago- gowy zat yazypsyn dost