Ibn Mübärekden: «Adamlaryň hormatlysy kimdir?» diýip soraldy. Ol: «Elbetde alymdyr» diýdi. Oňa: «Hökümdarlaryň hormatlysy kimdir?» diýip sowal berildi. Ol: «Elbetde, olaryň takwasydyr» diýdi. Ondan ýene: «Kim pes adamdyr?» diýip soraldy. Ol: «Dine bürenip, dünýewi maksat gazanýan adamdyr» diýdi. Ol diňe alymy kämil ynsan hasaplapdyr. Çünki alymlar beýle adamlaryň hasabyna girmeýär. Sebäbi ynsany haýwandan tapawutlandyryjy zat ylymdyr. Ynsan ylym bilen ynsandyr, ol ylym bilen öz hormatyna eýe bolýar. Eger ylym bolmasa, onda ynsan kuwwatly bolmazdy. Elbetde, düýe süňkleri bilen, pil göwresiniň ululygy bilen, ýyrtyjy haýwan haýbaty bilen, öküz köp zat iýýänligi bilen, serçe kiçi hem bolsa duýgurlygy bilen ynsandan kuwwatlydyr. Ýöne ynsanyň kuwwaty ylym bilen olaryň hemmesiniňkiden artykdyr» diýdi.
pida 12 years ago- Hem-de akly bilen tapavutlydyr!