Gudraty guychli Yeketak Allah ahlimizin gunalerimizi bagyshlawersin. Biz gunakardiris. Gelin, iman edelin, amal edelin, Allahtagala bizin ahli edyan ishlerimizi, etjek ishlerimizi goryar we bilyar. Biz bu alemde ozumizden nahili ish etsekde hoshal bolyarys. Biz onun gunadigini ya-da guna ish daldigini saygarjagam bolamyzok. Biz oz gara nebsimizi one tutup, bu yalanchy dunyanin girdabyna dushup, wagtyn shu wagta chenli yagny doglan gununden bashlap shu yashymyza chenli nahili tiz wagtda yagny fizika ylmynyn hem olchap bilmejek, olchemage guyji yetmejek sheyle uly tizlik bilen gechip gidenini duyman galyarys. Chunki bu dunye amal dunyesi, bu dunye biz uchin rahat durmush, keypi-sapa yeri dal. Biz sheyle az wagtlyk synag aleminde ozumizin ahyryetde dowzah oduna yanmazlygymyz uchin, Beyik Allahtagalanyn ozumize peshgesh berjek behishti uchin etmeli ishlerimizi edip Onun soygusini gazanalyn. Men entek bu durmushyn agyna-garasyna, yagshysyna-yamanyna dushunman yoren chaga wagtlarym, yagny kichirakgam namaz we yslam dininin kabir zatlary hakynda eshidyardim, yone ol zatlara kan bir uns hem bermeyardim. Sheydip men bu durmushyn manysyna dushunman, gunanin, sogabyn namedigini bilman 16, 17 yashlaryma barypdyryn. Seredip otursam shu yashyma chenli eden guna ishlerimin hasabyny olchar yaly dal eken. Men guna barada asla pikir hem etmandirin. Meni yslam dini barada pikirlenmage, oylanmaga we netije chykarmaga mejbur eden zat hepdanin anna guni yagny 4-nji guni agshamlyk gorup, hayran galan duyshum boldy. Men ol goren tasin duyshum barada sizede gurrun bereyin.

Köneler, Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir