“Menem” diýen goç ýigide Bir mynasyp ýar gerekdir. Arap at, ýowly ýigide Almaz zülpükar gerekdir. Ýigit oldur – ýurt üstünde, Janyn berse din üstünde, Goç ýigitler il üstünde Namys bilen ar gerekdir. Bäş gün köňül hoş etmäge, Supra ýaýyp, nan dökmäge, Abraý alyp, at etmäge, Gollarynda bar gerekdir. Mekgä baran bolar hajy, Aýralyk ölümden ajy, Goç ýigide din gylyjy, Aşyga didar gerekdir. Artdyr pelek ah-u zaryň, Alar elden ygtyýaryň, Magtymguly, söwer ýaryň Syýa zülpi tar gerekdir.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir