Söýgi näme diýýäň,ynha men söýgi, Seň ýanyňda duryn tanamadyňmy. Ýa sen meniň erkim bilen göreşip, Soňky deme ýetýän kanagatymmy? Söýgi näme diýdiň sözlem dilime, Çyrmaşyk deý çolaşdylar sözletmän. Ynha men söýgidä geldim ýanyňa, Seni garaşdyrman,saňa gözletmän. Söýgi näme diýdiň maňa galsaha, Diňe sen diýerde dymardym onsoň. Saňa söýgi diýmän näme diýeýin, Ýüregmiň törüne saz bolup gonsaň?

Köneler, Blackangel tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir